Sepleriň elýeterliligi

Owgan häkimiýetleri çaga nikalaryny derňeýär


Maşgaladaky zorlugyň pidasy bolan 29 ýaşly zenan öz gyzy bilen dilegçilik edýär, Kabul, 23-nji noýabr, 2013.

Maşgaladaky zorlugyň pidasy bolan 29 ýaşly zenan öz gyzy bilen dilegçilik edýär, Kabul, 23-nji noýabr, 2013.

Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň häkimiýetleri ýedi ýaşynda durmuşa çykarylan gyzyň nikasyny ýatyrdylar. Gyzyň kakasy 2000 amerikan dollary möçberde pul almak ücin öz gyzyny berendigini boýun aldy.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Jowuzjan welaýatynyň häkimiýetleri ýedi ýaşly gyzyny özünden 5 esse uly bir adama durmuşa çykmaga mejbur eden gyzyň kakasyna garşy derňew işini gozgadylar. Gyzyň kakasy ýagdaýyň şeýle bolandygyny boýun aldy.

Ramadan özüniň bu işe baş goşmagyna garyplygyň sebäp bolandygyny aýdýar: “Biziň ýaşara ýerimiz ýokdy, açlyk çekýärdik, bir topar bergimiz bardy. Men öz eden işime puşman edýärin. Gyzymy satan günüm hem puşman edipdim, häzirem puşman edýärin.”

Ol özüniň entek kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyny 2000 dollar pul we tüwi, un ýaly käbir azyk önümleri üçin satandygyny boýun alýar.

Gyzlaryň çekýän jebri

Jowuzjan welaýatynyň polisiýa işgärleri Ramadanyň aýaly bu waka barada ýerli hukuk goraýjy toparlara şikaýat edensoň iş gozgalandygyny aýdýarlar.

Ramadanyň aýaly özüniň uly gyzynyň hem gaýynlary tarapyndan edilýän jebir sütemlere sezewar bolýandygyny aýdýar: “Meniň gyzymyň durmuşa çykanyna bir ýyl boldy. Bir ýylyň dowamynda ol öýünden iki gezek gaçdy. Ony adamsy yzygiderli urýan ekeni. Men şony eşidenimden soň gyzymy goýbermek islemedim ýöne onuň adamsy gelip zor bilen ony alyp gitdi”, diýip gyzyň ejesi öz adyny bermezden ýagdaýlar barada içini dökýär.

Polisiýa işgärleri Ramadanyň 35 ýaşly giýewisi Asadullany we olaryň dini nikalaryny gyýan mollany tussag etdiler.

Kepillik bilen boşadylan Mawlawi Nur atly molla gyzyň kakasynyň “gyzyň ýaşy” barada özüne ýalňyş maglumat berendigini we özüniň aldanandygyny aýdýar.

Köp sanly owganystanlylarda dogulyş hakynda şahadatnama ýok. Şeýle-de dini nika gyýlan wagtynda öýlenýän oglanyň we durmuşa çykýan gyzyň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalary soralyp durulmaýar.

Muňa derek, nika gyýlanda iki tarapdanam bir şaýat gatnaşdyrylýar we olar jübütleriň hakyky atlaryna, ýaşlaryna we maşgala ýagdaýlaryna güwä geçip şaýatlyk edýärler. Elbetde nikany gyýan molla şeýle maglumatlary sorasa olar aýdýarlar.

Nikanyň şaýatlary

Owganystanda Adam hukuklary boýunça garaşsyz guramanyň çagalaryň hukugyny goramak boýunça işgäri Ewazali Saberi, şeýle hadysa ýüze çykan ýagdaýynda häkimiýetleriň şaýatlara-da jeza bermelidigini aýdýar: “Nikada her tarapdan iki şaýat we maşgala wekili gatnaşýar. Olar hem öz eden etmişleri üçin kanunyň öňünde jogap bermeli. Polisiýa işgärleri derňew işini geçirenlerinde olary hasaba goşmaýarlar. Şolary hem goşmaly".

Häkimiýetler gürrüňi edilýän nikany ýatyrdylar.

Jowzan welaýatynyň polisiýasynyň jenaýaty agtaryş boýunça bölüminiň müdiri Abdulmalek Mamnun: “Bu nika owgan kanunçylygyna-da, dini normalara-da gabat gelmeýär” diýýär.

Adam hukuklaryny goramak boýunça toparlar, şeýle-de aýal-gyzlaryň hem-de çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça guramalar bu ýagdaý barada aladalanma bildirýärler.

Adam hukuklary guramasynyň regional bölüminiň başlygy Magferat Samimi: “Az sanly jenaýatçylary gabamak bilen bu meseläni çözüp bolmaýar, biz entek köp işleri etmeli” diýýär.

“Gyzyň kakasy neşekeş. Ol öz çagalarynyň hukuklary barada hiç zat bilmeýär. Bir tarapdan garyplyk, beýleki tarapdan neşe onuň öz çagalaryny şeýle ýagdaýa salmagyna sebäp boldy.”

Maşgalanyň ykbaly

Welaýatyň paýtagty bolan Şebergan şäherinde ýerli häkimiýetleriň, kazyýet wekilleriniň we adam hukuklaryny goramak boýunça toparlaryň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikde geçirilen ýygnakda Ramadanyň Balh welaýatyndaky reabilitasiýa merkezine goýberilmegi kararlaşdyryldy.

Gyzyň ejesi Şebergandaky “aýallar öýüne” ýerleşdirildi. Çagalar bolsa golaýdaky “çagalar öýüne” berildi.

Ýerli häkimiýetler gyzyň ejesine iş tapmak barada maslahat edýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG