Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Siriýa ýaragyny ýok edip ýetişmez


BMG Siriýanyň hökümetiniň 31-nji dekabrda, diýilip kesgitlenen wagt möhletine çenli özüniň iň howply himiki ýaraglaryny ýok edip ýetişmeginiň gumanadygyny aýtdy.

BMG-niň we Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň beýannamasynda Siriýanyň zäherli ýaraglaryny ýok etmek ugrunda “möhüm öňegidişligiň” gazanylandygyny bellendi, şol bir wagtda-da Başar Al-Assadyň hökümetine halkara derejesinde berilen wagt möhletini berjaý etmek üçin “tagallalary batlandyrmaga” çagyryş edildi.

Siriýanyň hökümeti Orsýet we ABŞ bilen gelnen ylalaşygyň esasynda halkara gözegçiliginde özüniň himiki ýaraglaryny indiki ýylyň iýun aýyna çenli ýok etmäge razylyk berdi.
XS
SM
MD
LG