Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda yza gaýdyşy çaklaýar


"The Washington Post" gazetiniň bellemegine görä, ABŞ-nyň hökümetiniň täze gizlin maglumatlarynda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň soňky üç ýylyň dowamynda Owganystanda gazanan öňegidişlikleriniň 2017-nji ýyla çenli esli yza gaýtmagynyň mümkindigi duýdurylýar.

Gazet Milli razwedkanyň syrly çaklamalary bilen tanyş bolan resmi bilen söhbetdeş bolandygyny belleýär we çaklamalaryň ABŞ-nyň 16 sany razwedka agentlikleriniň maglumatlaryna esaslanýandygyny ýazýar.

ABŞ Owganystandaky uruşdan öz goşunlaryny çykarandan soň “Talyban” guramasynyň täsiri çürt-kesik artar, ABŞ owgan hökümeti bilen howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmasa Owganystandaky ýagdaý derhal bulaşar, diýip “The Washington Post” gazeti ýazýar.

Waşingtonyň we Kabulyň arasynda baglaşylman galýan ylalaşyk 2014-nji ýyldan soň türgenleşik we terrora garşy operasiýalary geçirmek üçin daşary ýurtly goşunlaryň Owganystanda galmagyny göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG