Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl palestinaly tussaglary boşadýar


Ysraýyl Palestina bilen parahatçylykly gepleşiklere itergi bermek üçin 26 sany palestinaly tussagy boşatmaga taýýarlyk görýär.

Şenbe güni giç agşam Ysraýylyň häkimiýetleri ysraýyllylary öldürmekde günälenip uzak möhletli türme tussaglygynda bolan palestinaly bendileriň sanawyny çap etdi. Resmileri boşadylýan palestinalylaryň türme möhletiniň 19 we 28 ýyl aralygynda bolup, olaryň Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň 1993-nji ýylda düýbüniň tutulmagyndan ozal tussag bolandygyny habar berdiler.

Şu ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň basyşy astynda parahatçylykly gepleşikler gaýtadan başlanaly bäri Ysraýyl palestinaly tussaglary üçünji sapar boşadýar.

Soňky karar palestinalylaryň elinden heläk bolan ysraýyl raýatlarynyň garyndaşlarynyň gaharly çykyşlaryna sebäp boldy. Onlarça adamyň Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň Ierusalimdäki edarasynyň öňünde protest geçirendigi barada habar berildi.
XS
SM
MD
LG