Sepleriň elýeterliligi

Wolgograd: Bomba partlamasy boldy


Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Wolgograd şäheriniň demirýol wokzalynda bomba partlady. Azyndan 15 adamyň wepat bolandygy we ençeme adamyň ýaralanandygy barada habar berildi. Başda heläk bolanlaryň sany 18 adam diýilip habar berilipdi.

Orsýetiň Terrora garşy komitetiniň ýekşenbe güni atmagyna görä, partlama öz janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylypdyr. Regional resmileriň aýtmagyna görä, öz janyndan geçen zenan Wolgogradyň esasy demirýol stansiýasynyň girelgesinde duran metaly anyklaýan detektoryň golaýynda öz ýanyndaky partlaýjy gurallary işledipdir.

Wolgograd regionynyň Saglyk departamenti onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hüjüm 2014-nji ýylyň fewral aýynda Soçide boljak olimpik oýunlarynyň öňüsyrasynda terrorçylygyň güýçlenmegi bilen bagly howatyrlanmalary artdyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. 2013-nji ýylyň başynda çeçen gozgalaňçysy Doku Umarow Soçi oýunlarynda hüjüm etmek barada haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG