Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Özüni otlan protestçi öldi


Bakuda hökümetiň edara jaýynyň öňünde protest bildirip öz özüni otlan azerbaýjanly öldi. Ýaralaryndan heläk bolan 42 ýaşly Zaur Hasanowyň jesedi onuň maşgalasyna berilipdir.

1990-njy ýyllaryň başynda bolan Daglyk-Garabag urşunyň weterany Zaur Hasanow özüne garşy ýokary wezipeli hökümet resmisi tarapyndan edilen adalatsyz hereketlere protest bildiripdi. Protestçiniň maşgalasynyň aýtmagyna görä, 1995-nji ýylda kanun çykaryjy we Söwda bileleşikleriniň birleşigi atly hökümet edarasynyň başlygy Sattar Mehbaliýewiň görkezmesi bilen Hasanowyň kiçijik restorany ýumrulydyr.

Hasanowyň özüni oda bermegi Söwda bileleşigini onuň aýalyna we bäş çagasyna 127 müň dollar möçberde kompensasiýa bermäge mejbur etdi. Prezident Ilham Aliýewiň geňeşçisi wakanyň döwlet baştutanyny “aladalandyrandygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG