Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2013-nji ýylyň liderlere ýetiren täsiri


"Uly-20" guramasynyň liderleri, şol sanda B.Obama, W.Putin, R.Erdogan, 6-njy sentýabr, 2013.
"Uly-20" guramasynyň liderleri, şol sanda B.Obama, W.Putin, R.Erdogan, 6-njy sentýabr, 2013.
2013-nji ýylda Ýakyn Gündogarda köp sanly närazylyklar bolup geçdi, halkara jemgyýetçiliginde Orsýet özüne has ynamlylygy bilen beýlekilerden tapawutlandy, Watikanda täze Papa saýlandy we Birleşen Ştatlaryň içalyçylyk ugrunda alyp barýan işleriniň üsti açyldy. Şular bilen bir hatarda, 2013-nji ýylyň dowamynda käbir liderleriň abraýy ýokary galan bolsa käbirleriň abraýy öňküsinden pese gaçdy.

Abraýyny artdyran liderler

Rim papasy Fransis

Aslynda “Papa” wezipesine saýlanmagyň özi eýýäm seniň abraýlydygyňy görkezýär. Ýöne 76 ýaşly Fransis “papalyk” täjini geýensoň bir töre geçip oturmady. Ol mart aýynda pensiýa çykan Papa Benedikt XVI-iň ornuny tutansoň öz abraýy ugrunda has erjel göreşdi. Onuň eýelän wezipesi maddy taýdan ýokary üpjünçilik derejede hem bolsa täze saýlanan Rim Papasy öz kiçi göwünliligi bilen giňden tanaldy we ilden alkyş aldy. Ol bu wezipede işe başlan ilkinji güni beýleki kardinallar bilen bir hatarda köpçülik awtobusyna münüp işe geldi we öz goşlaryny özi daşady. Ol diňe munuň bilen çäklenmedi. Papa Fransis sosial adalaty gazanmak üçin kilisäniň “geý durmuşy”, “abort etmeklik” ýaly meselelere bolan ýiti garaýyşyny täzeden kesgitledi. Bu ýagdaý bolsa tradisionistleri ynjalyksyzlandyrdy.

Hasan Rohani

Eýranyň reformaçy prezidenti Hasan Rohani prezident saýlanansoň ýurduň özünden öňki uruşjaň prezidenti Ahmedinejadyň yzyndan galdyryp giden birnäçe syýasy düşünişmezlikleri çözmegiň ugruny tapdy we Tähranyň syýasy äheňini ýumşatdy. Ol Günbatar ýurtlary bilen özleriniň ýadro programmalary barada gepleşikleri geçirip, Eýrana garşy halkara derejesinde alynyp barylýan sanksiýalary ýatyrmak ugrunda işleri alyp bardy. Şeýle-de Eýranda “uly şeýtan” diýip atlandyrylýan Amerika bilen arany sazlamaga mümkinçiligiň bardygyny görkezdi. Ýöne muňa garamazdan tankytçylar Eýranyň alyp barýan täze “ýylgyrmak syýasatynyň” arkasynda başga matlaplaryň bardygyny we olaryň şeýle ýoly ýadro programmalaryny amala aşyrmak üçin saýlap alandyklaryny aýtdy.

Ksi Jinping

Ksi Jinpingiň Hytaýyň kommunist partiýasynyň başlygy wezipesine saýlanmagyna doly bir ýyl boldy. Onuň prezidentlik wezipesine saýlanmagyna bolsa 9 aý doldy. Şol döwrüň içinde Hytaýyň ykdysadyýeti görülip-eşidilmedik derejede ösdi. Ksi Jinpingiň Merkezi Aziýa saparynda milliardlarça dollar ylalaşyklara gol çekildi. Aslynda Merkezi Aziýada Orsýetiň sürýän agalygy däbe öwrülip barýardy. Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk agentligine degişli syrlaryň Edward Snowden tarapyndan paş edilmegi bilen Hytaý Amerikany internete gözegçilik we senzura meselesinde ikiýüzlülik etmekde aýyplady. Ýöne gazanylan üstünliklere garamazdan Tokio bilen Pekiniň arasyna “howa gorag zonasy” bilen baglyly meseleler sebäpli tow düşmegi mümkin.

Wladimir Putin

2013-nji ýylda Wladimir Putin halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan meselelerde günbatara garşy üstünlikli çykyş edip abraýa eýe boldy. Putin Ukrainanyň we Ermenistanyň ÝB bilen assosiasiýa ylalaşygyny bökdemek üçin jezalandyryjy diplomatiki syýasaty alyp bardy, Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk syrlaryny paş eden Edward Snowdene baş pena berdi. Şeýle etmek bilen ol Günbataryň gowşak tarapyna hüjüm etdi. Ol Orta Gündogar bilen bagly meselelerde örän üstünlikli çykyş etdi. Putin öz hyzmatdaşy Başar Assadyň režimine hüjüm etmegiň küýüne düşen Amerikanyň meýlini amala aşyrmagyna böwet boldy. Ýöne ýagdaýlaryň şeýle bolmagy Putiniň ähli ugurlarda üstünlik gazanandygyny aňlatmaýar. Mysal üçin, onuň Soçide geçiriljek Olimpiadanyň öňüsyrasynda “geýlere garşy” kanuna gol goýmagy halkara jemgyýetçiliginiň nägileligine sebäp boldy. Şeýle-de, onuň Kiýewde geçirilen protestlere gereginden artyk goşulmagy abraýyna şikes ýetirdi.

Abraýyny elden beren ýolbaşçylar

Barak Obama

Ýurdunyň içeri syýasaty bilen meşgul bolan prezident käwagt öz administrasiýasyny goramak üçin daşary syýasatdan haraý gözläp biler ýöne ynha Barak Obama barada aýdanymyzda, ol bu ýyl içeri hem daşary syýasatyň ikisinde-de kynçylykly günleri başdan geçirdi. Haçan-da maý aýynda Edward Snowden Milli howpsuzlyk agentliginiň syrlaryny paş edeninde, Obamanyň hatda ýakyn hyzmatdaşlary hem bu mesele bilen bagly oňa öz nägileliklerini bildirdiler. Ak tam Müsürde “Musulman doganlygynyň” halk çykyşlaryndan soň hökümetden agdarylmagyna taýýar däldi. Himiki ýaraglary bahanalap Siriýa hüjüm etmekçi bolan Obamanyň administrasiýasy niýetinden el çekmeli edildi. Muňa garamazdan, 2013-nji ýylda gowy zatlar hem bolup geçdi. Mysal üçin Obamanyň Eýranyň prezidenti Rohani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi Tähranyň ýadro programmalaryny çözmekde taryhy ädim boldy.

Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Orta Gündogarda Osman imperiýasynyň täsirdir-güýjüni täzeden dikeltmegi köp arzuw edipdi. Ýöne onuň yzygiderli äden ýalňyş ädimleri munuň şeýle bolmagyna böwet boldy. Maý aýynda Türkiýede bolup geçen protestler “eýsem Erdoganyň yslamçy hökümeti sekulýarizmden uzaklaşýarmy”, diýen alada bilen ýüze çykypdy. Erdogan mart aýynda Kürdistanyň işçi partiýasy bilen ylalaşyga geldi. Muny bolsa onuň 2013-nji ýylda gazanan ujypsyz üstünlikleriniň biri hökmünde agzap bolar.

Hamid Karzaý

2014-nji ýylda prezidentlik kürsüsini boşatjak Hamid Karzaý üçin hem hiç zat aňsat bolmady. Owganystan dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri bolmagynda galdy we ýurtdaky neşe söwdasy hem “Talyban” guramasynyň hüjümleriniň dowam etmegi prezident Karzaýy has hem aladalandyrdy. Birleşen Ştatlar bilen uzak möhletleýin howpsuzlyk ylalaşygy hem owgan prezidenti üçin esasy aladalaryň bir bolmagynda galýar. Birleşen Ştatlaryň Owganystany şeýle ylalaşyga gol çekmäge çagyrmagyna Karzaý garşylyk görkezdi. Ol Birleşen Ştatlara bil baglap bolmaýandygyny aýdyp, ony dönüklik etmekde aýyplaýar. Ýöne Hamid Karzaý uzak möhletleýin howpsuzlyk ylalaşygynyň Owganystana näderejede zerurdygyny hemmeden gowy bilýär.

Wiktor Ýanukowiç

Agyr günleri başdan geçirýän Ukrainanyň ýaramaz ykdysadyýetine garamazdan, Wiktor Ýanukowiç Orsýetiň basyşyndan gorkup Ýewropa bilen söwda hyzmatdaşlyk paktyna gol çekmedi. Ýagdaý şeýle bolansoň 500.000 -e golaý protestçi Kiýewiň “Garaşsyzlyk meýdançasynda” hökümetiň bu kararyna garşylyk bildirdi. Şeýlelikde, Ýanukowiç iki oduň arasynda galdy, ýagny ol ÝB bilen Orsýetiň arasynda galdy. Häzirki ýagdaýlardan çen tutsaň onuň entek bu meselelerden saplanmak üçin “çykyş strategiýasy” hem ýok ýaly.
XS
SM
MD
LG