Sepleriň elýeterliligi

Wolgograd: Partlamada 14 adam öldi


Russiýanyň resmileri ýurduň günortasyndaky Wolgograd şäherindäki trolleýbusda bolan partlamada 14 adamyň ölendigini we başga-da 23 sanysynyň, şol sanda 1 ýaşyndaky çaganyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Bu partlama Wolgogradyň esasy demirýol wokzalynda janyndan geçen hüjümçiniň bombany partlatmagyndan bir gün soň boldy. Şol partlamada hem 17 adam heläk bolupdy.

Russiýanyň derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markiniň ýaýradan beýanatynda hüjümlerde ulanylan partladyjy serişdeler duşenbe we ýekşenbe güni bolan hüjümleriň bilelikde planlanan bolmagynyň ahmaldygyny görkezýär diýdi.

Henize çenli bu iki hüjümiň jogapkärçiligini hem hiç bir topar öz üstüne almady. Emma derňewçiler Demirgazyk Kawkazdaky yslamçy söweşijilerden şübhelenýärler.
XS
SM
MD
LG