Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň "aýratyn" köçeleri


Aşgabadyň "Arçabil" şaýoly

Aşgabadyň "Arçabil" şaýoly

Aşgabadyň “protokol” diýlip atlandyrylýan bu köçeleriniň aýratyn statusy barada hiç hili resmi maglumat ýa bellik ýok. Emma, il arasyndaky gürrüňlerden, olaryň arassaçylygyna seredilşinden, olaryň wagtal-wagtal halk köpçüligi üçin ýapylmagyndan çen tutsaň, onda muňa göz ýetirmek mümkin.

Atlary resmi taýdan bellik edilmedik hem bolsa, bu köçeler owadanlygy, giňligi we arassalygy bilen tapawutlanýar. Bu köçelere aýratyn üns berilmeginiň sebäbi bolsa ýurt baştutanynyň ulag kerweniniň her gün şol köçeleriň birinden geçýändigi bilen bagly.

Tapawutlyklar

Bu köçeleri beýleki köçelerden tapawutlandyrýan, belkem iň uly zatlardan birem, prezidentiň geçýän ýolunyň günüň dowamynda iki gezek ýapylmagydyr. “Ýaşuly geçýär” diýildigi, prezidentiň geçip barýan köçesi gadagan zona öwrülýär.


Awtoulaglaryň geçmegi gadagan edilip, köçäniň trotuarlaryndan geçip barýan pyýadalar hem haýdan-haý bukulmaly bolýarlar. Olaryň käbirleri bu köçeleriň gyrasyndaky binalaryň içinde ýa-da arkasynda bukulýan bolsalar, käbirleri ýerasty geçelgelere ylgaýarlar.

Prezident geçmeli edilende, şol köçelerden marşrut boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereketleri hem ýörite gulluklar tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Şol maksat üçin awtobus duralgalarynyň hersiniň diýen ýaly golaýynda ýörite bir boş awtobus durýar. Prezidentiň geçmegine 20-30 minut galanda köçäniň ugrundaky awtobus duralgalarynda duran pyýadalar derhal şol awtobuslara mündürilip, duralgalar boşadylýar.

Şeýlelikde şol pyýadalaryň köplenç halatda özleriniň münmeli awtobuslaryna däl-de, başga çem gelen awtobusa mündirilip, köplenç çem gelen ugra ugradylyp goýberilýändigi barada il arasynda gürrüň edilýär.

Ýaşamagyň "aýratynlyklary"

“Protokol köçeleri” diýlip atlandyrylýan bu köçeleriň ugrunda ýaşamagyň hem öz aýratyn talaplary bar.

"Bitaraplyk" şaýolunyň ugry

"Bitaraplyk" şaýolunyň ugry


“Protokol köçelerindäki” ýaşaýyş jaýlarda ”çanak antennalary” görünmeli däl. Şol sebäpden käbir ýaşaýyş jaýlarynda antennalar köçe tarapdan görünmeýän ýere geçirilen bolsa, käbirlerinde öýlere “kabel telewideniýe” diýip atlandyrylýan kabel arkaly telesignaly kabul edip bolýan simler çekilen.

Protokol köçelerindäki ýaşaýyş jaýlarynda split sistemalar ýa-da kondisionerler hem görünmeli däl. Şol sebäpden split-sistemalary jaýlaryň girelgeleriniň içinde goýlan ýaşaýyş jaýlaryna-da duş gelmek bolýar. Bu hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, jaýa ýangyn howpuny abandyrýar.

Protokol köçeleriň ýaşaýjylarynyň aýratyn ýaşaýyş düzgünleri hem bar. Mysal üçin, köçä tarap açylýan penjireler açylmaly däl. Prezidentiň awtomobil korteži geçýänçä, olar köçä çykyp bilmeýärler. Olar awtoulaglaryny hem köçä golaý ýerde goýmaly däl.

Köçe süpürijiler "protokol" köçelerini tämizleýärler

Köçe süpürijiler "protokol" köçelerini tämizleýärler


Özüni Atamyrat diýip tanadan, paýtagtyň Bitaraplyk prospektininiň ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, üýşmeleň edilende hem köçäniň ýapyljagyny göz öňünde tutmaly. “Hudaýýoly ýa-da başga bir üýşmeleň etjek bolsaň, belli-belli wagta gabatlap etmeli. Myhmanlara bolsa biziň ýaşaýyş düzgünlerimizi düşündirmeli bolýar” diýip, Atamyrat aýdýar.

Öňem aýdyp geçişimiz ýaly, paýtagtyň protokol diýip atlandyrylýan köçeleriniň haýsylardygyny görkezýän ýa-da kesgitleýän ýörite dokumentdir bellikler ýok. Emma, käbir alamatlara we häkimiýetleriň ýaşaýjylara beren habarlaryna görä, olaryň käbirleriniň adyny agzap geçmek mümkin.

Haýsy köçeler "aýratyn"?

Şol maglumatlardan çen tutup, paýtagtyň merkezindäki, günortasyndaky we günorta-günbataryndaky köçelerdir, prospektleri ýa-da olaryň böleklerini “protokol köçeleriniň” hataryna goşsa bolar. olar Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, 10 ýyl abadançylyk, Magtymguly, Türkmenbaşy, Köpetdag, Çandybil we Arçabil propsektleri we olaryň käbirleriniň böleklerinden ybarat.

Bu köçeleriň aýratynlyklaryndan ýene biri hem şol ýerde fotoappart ýa-da mobil telefon bilen aç-açan surat almagyň gadagan bolmagy. Olaryň beýleki köçelerden ýene-de bir tapawudy - bu köçelere paýtagtyň kommunal hojalygynyň işgärleriniň aýratyn gözegçilik edýänliginde. Aýdylyşyna görä, ol köçeler günüň dowamynda birnäçe gezek süpürilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG