Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümlerde bäş adam öldi


Pakistandaky ýowuzlykda bäş adam, şol sanda iki çaga öldürildi. Duşenbe güni Pakistanyň Rawalpindi şäherinde bolan hüjümde iki polisiýa ofiseri öldürildi we başga-da biri ýaralandy.

Ýerli polisiýa resmileriniň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatyna görä, motosikletlerdäki dört sany nämälim hüjümçi şaýy metjidiniň golaýyndaky polisiýa ofiserlerine ýaragdan ot açypdyr.

Duşenbe güni irden ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Çarsadda etrabyndaky öýüň daşyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde hem bir aýal we iki çaga öldi. Ýerli polisiýa merkeziniň başlygy Hassan Han Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ölenleriň bir maşgala agzasyna degişlidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG