Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Işewür bilen ilteşigimiz ýok


Täjigistanyň Milli banky Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan gara sanawa alnan eýranly işewür bilen ilteşigniň bardygyny görkezýär diýilýän maglumatlary ret etdi.

Gürrüňi edilýän bankyň metbugat wekili Abdulgaffor Kurbonow duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda eýranly işewür Babak Morteza Zanjani tarapyndan Eýranyň parlamentine hödürlenen dokumentiň galpdygyny aýtdy.

Geçen hepde eýranly kanun çykaryjylaryň bir topary dokumentiň hakykylygy barada şübheleriniň bardygyny mälim edipdiler. Gürrüňi edilýän bu dokumentde Täjigistanyň Milli bankyndan Eýranyň Nebit-gaz ministrligine 2 milliard amerikan dollarynyň geçirilendiginiň görkezilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG