Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Partlamalar we Soçi-2014


Doku Umarow

Doku Umarow

29-njy dekabrda Wolgogradyň merkezi demirýol stansiýasynda janyndan geçen hüjümçiniň partladan bombasy netijesinde ençeme adamyň ölmegi özüne Kawkaz emirliginiň lideri diýip at berýän Doku Umarow fewral aýynda Soçide geçjek Olimpiada oýunlarynyň öňüni alarmy, ol bu işi etse, nähili eder diýen soraglaryň orta atylmagyna getirýär.

Umarow alty aý mundan ozal öz tarapdarlaryna gönükdirilen bir wideoýazgyda "olar biziň Gara deňziň ýakasyndaky ýurdumyzda jaýlanan köp-köp musulmanyň süňkleriniň üstünde oýun geçirmegi palanlaşdyrýarlar. Allanyň rugsat edýän her bir metodyny ulanmaly hem bolsa ulanyp, muňa ýol bermezlik biz, musulmanlaryň, borjudyr" diýdi.

Ýaňky soraglaryň jogaby biri-birine berk baglanyşykly iki zada bagly. Ilki bilen Umarowyň bu oýunlary bozmaga giň gerimli hem çylşyrymly harby operasiýalary ýola goýmak üçin ýeterlik adam güýji we taktiki başarnygy barmy?

Bu soragyň jogaby "ýok" bolsa, onda ors ýolbaşçylary oýunlara gatnaşýanlara we tomaşyçylara abanýan howpy garşy almaga näderejede taýynkalar?

Jogaplar

Birinji soraga jogap bermek aňsat däl. Sebäbi Umarowyň maksady adamlary girewe alyp, "oýunlary ýatyryň, bolmasa ýüzlerçe adam öler" diýmekmi, ýa-da onuň birgiden terroristik hüjümleri amala aşyrmagy netijesinde ors häkimiýetleri özleriniň 1.3 trillion rubl çykdajy eden işinden gorky zerarly el üzermi, bu belli däl.

Ýöne bular ýaly hüjümler ozal hem bolman duranokdy. 1995-nji ýyl bilen 2004-nji ýylyň aralygynda çeçen gozgalaňçylary Moskwany syýasy eglişige mejbur etmek üçin dört sany uly operasiýany ýola goýdular.

Emma Umarow saldamly harby operasiýa ýolbaşçylyk edip, özüni bu ugurdan tanadan adam däl. Onuň ýokary derejeli komandirleriniň arasynda hem uly harby hüjümi planlaşdyryp, amala aşyrmak üçin zerur taktiki öňdengörüjilige eýe adamyň bardygy şübheli.

Beýle hüjümi kim koordinirläp, kim oňa ýolbaşçylyk eder diýen soraglardan başga-da Umarowyň näçe söweşijisiniň bardygy-da belli däl.

"Argentura.ru" websaýtynyň baş redaktory Andreý Soldatow terroristik aksiýalaryň üsti bilen Olimpiada oýunlarynyň bozulmagynyň gazanylmagyna çynlakaý mümkinçilik hökmünde garaýar.

Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugynyň direktory Aslan Doukaýew ýaly Soldatow hem: "Olimpiada oýunlaryny başa bardyrmazlyk üçin köp sanly adamyň gatnaşmagynda giň gerimli hüjümleri gurnamaga zerurlyk ýok. Tutuşlygyna alanyňda, bombaly hüjümleri terroristik oýjükler ýa bir ýeke-tek öýjük-de amala aşyryp bilýär, şonuň özi ýeterlik" diýýär.

Soldatow netijede Olimpiada oýunlarynyň hadysasyz geçmegini Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary kepillendirip bilmez diýip, delil getirýär.

Ýene bir bellenmeli zat, Umarowyň Soçidäki bolmaly halkara oýunlary bozmak haýbatyny atan ýeke-täk aktýor däldigi.

Anonimous Kawkas ady bilen iş alyp barýan hakkerler-de özleriniň ors hökümetiniň garşysyna giň gerimli kiber urşuny alyp barjakdyklaryny 27-nji dekabrda bir wideoýazgynyň üsti bilen mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG