Şahyr Amanmyrat Bugaýewiň Täze Ýyla bagyşlap ýazan goşgulary.
Täze Ýyl dilegleri
Hoş geldiň Täze ýyl, ak gar ak päliň,
Üç ýüz altmyş bäş gün ak bolsun ýoluň!
Meniň dagdan arkam, polatdan bilim,
Türkmenim, mübärek baýram-toýuňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Haýdalyň, garylyp galmalyň çaňa,
Geçeliň hesipden, hasapdan öňe.
Geçmäliň, baş ölçeg ynsapdan öňe,
Halal bolsun saçakdaky nanyňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Zar bolmazlyk üçin kümsük namarda,
Nebis üçin galkynmak bolsa-da kada,
Ýükçi eşek bolmaň nebis-apat zada,
Eliňizden uzyn bolsun diliňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Sen hakyň bendesi erk, gaýrat sende,
Sakla mertebäňi agyr, kyn günde,
Özüň ýaly bendä bolmawer bende,
Buýsanç bilen ýaşaň ýaşan günüňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Bu bize pederden galan ahwaldyr,
Ilden zyýat bolmak başardýan däldir,
Il-güne sygynmak dürs, düzüw haldyr,
Ilden bölünmesin ýörär ýoluňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Söýüň, söýgi çyndan bolsun, uz bolsun,
Dilde aýdym bolsun, golda saz bolsun,
Leýliden tazygan Mežnun az bolsun,
Ykbal bolsun söýen ýigit, gyzyňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Mert boluň her çagda, her ahwal, her çak,
Namart bolup urmaň kebzeden pyçak,
Bagt size ýar bolsun goçak, has goçak,
Ak bolsun ýoluňyz, niýet-u-päliňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
***
Täze Ýyl gijesi
Ir zaman her günde Gün batan çagda,
Gopan hikmet hakda ýazmagam agyr.
-Geçdi ömrümiziň bir güni-diýip,
Pederler gan ýyglap, ezipdir bagyr.
Men görmedik bolýan Günüň batyşyn,
Aňmazlyga salýan Aýyň aýlanşyn.
Täze ýylda “Ömrüm uzaldy” diýip,
Begenýän, begençden aýlanýar başym.
“Ömrümiň bir ýyly kemeldi” diýmä,
Dil gaýrat tapanok, boýun däl göwün.
Hakykatdan gorkýan, çekinýän bu gün.
Şeýdip çyn elinden men sypjak bolýan,
Günüňe ýanaýyn, gorkajyk göwün,
Aldaw-hile bilen sen sypjyk bolýaň…
Täze Ýyl dilegleri
Hoş geldiň Täze ýyl, ak gar ak päliň,
Üç ýüz altmyş bäş gün ak bolsun ýoluň!
Meniň dagdan arkam, polatdan bilim,
Türkmenim, mübärek baýram-toýuňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Haýdalyň, garylyp galmalyň çaňa,
Geçeliň hesipden, hasapdan öňe.
Geçmäliň, baş ölçeg ynsapdan öňe,
Halal bolsun saçakdaky nanyňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Zar bolmazlyk üçin kümsük namarda,
Nebis üçin galkynmak bolsa-da kada,
Ýükçi eşek bolmaň nebis-apat zada,
Eliňizden uzyn bolsun diliňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Sen hakyň bendesi erk, gaýrat sende,
Sakla mertebäňi agyr, kyn günde,
Özüň ýaly bendä bolmawer bende,
Buýsanç bilen ýaşaň ýaşan günüňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Bu bize pederden galan ahwaldyr,
Ilden zyýat bolmak başardýan däldir,
Il-güne sygynmak dürs, düzüw haldyr,
Ilden bölünmesin ýörär ýoluňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Söýüň, söýgi çyndan bolsun, uz bolsun,
Dilde aýdym bolsun, golda saz bolsun,
Leýliden tazygan Mežnun az bolsun,
Ykbal bolsun söýen ýigit, gyzyňyz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
Mert boluň her çagda, her ahwal, her çak,
Namart bolup urmaň kebzeden pyçak,
Bagt size ýar bolsun goçak, has goçak,
Ak bolsun ýoluňyz, niýet-u-päliňiz,
Gutly bolsun, il-gün, Täze ýylyňyz!
***
Täze Ýyl gijesi
Ir zaman her günde Gün batan çagda,
Gopan hikmet hakda ýazmagam agyr.
-Geçdi ömrümiziň bir güni-diýip,
Pederler gan ýyglap, ezipdir bagyr.
Men görmedik bolýan Günüň batyşyn,
Aňmazlyga salýan Aýyň aýlanşyn.
Täze ýylda “Ömrüm uzaldy” diýip,
Begenýän, begençden aýlanýar başym.
“Ömrümiň bir ýyly kemeldi” diýmä,
Dil gaýrat tapanok, boýun däl göwün.
Hakykatdan gorkýan, çekinýän bu gün.
Şeýdip çyn elinden men sypjak bolýan,
Günüňe ýanaýyn, gorkajyk göwün,
Aldaw-hile bilen sen sypjyk bolýaň…