Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki belarusly içalyçylykda günäli tapyldy


Belarusda ýurduň iki raýady Litwanyň bähbidine içalyçylyk etmekde günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

Belarusyň KGB-niň berýän maglumatyna görä, E.Kaçura we A.Fenzelýau diýlip tanadylan adamlar degişlilikde 8 we 10 ýyl türme möhletine höküm edilipdirler.

Gürrüňi gidýän iki belarusly hökümete dönüklik etmek we Litwanyň gizlin gulluklary üçin içalyçylyk etmekde günäli tapyldy. Olar 2012-nji ýylyň martynda tussag edilipdiler. Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.

Bu waka boýunça Wilnus häzirlikçe hiç hili resmi beýanat bilen çykyş etmedi.
XS
SM
MD
LG