Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Aktiwistlere höküm çykaryldy


Azerbaýjanda ençeme aktiwist türme tussaglygyna höküm edildi. Olar Bakuwda protest geçirip ýogalan uruş weteranyny goldap demonstrasiýa geçirmekçi bolupdylar.

Aktiwistleriň biri 15 gün, başga-da bäşisi 15-18 gün aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler. Olar ýurduň köpçülikleýin ýygnanyşmak kanunyny bozmakda aýyplandylar.

Munuň bilen baglylykda, başga-da 16 aktiwiste 350-500 manat ($445-$637) aralygynda pul jerimesi salyndy.

Bu demonstrasiýa 42 ýaşly Zaur Hasanowyň jaýlanyş mirasymyndan soň geçiriljek bolundy. Hasanow özüni Bakuwyň hökümet binasynyň öňünde otlapdy.

1990-njy ýyllarda bolan Daglyk Garabag urşunyň weterany Hasanow ýokary derejeli hökümet resmileriniň adalatsyzlygyna garşy protest geçiripdi.
XS
SM
MD
LG