Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-hytaý ylalaşygy tassyklandy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurduň territoriýasynda gazgeçirijini gurmak boýunça gyrgyz-hytaý ylalaşygyna gol goýdy. Bu gazgeçiriji arkaly türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, ylalaşyk ýurduň Parlamenti tarapyndan hem tassyklanypdyr.

Gürrüňi gidýän ylalaşyk Hytaýyň prezidentiniň 11-nji sentýabrda Bişkega eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy. Bu ylalalaşyň çäginde hyzmatdaşlygyň beýleki pudaklary hem göz öňünde tutulypdy. Resminamalara laýyklykda Gyrgyzystana Hytaýyň 3 milliarda golaý sermaýasy ýatyrylar.
XS
SM
MD
LG