Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Prokuroryň kömekçisi öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan bomba hüjüminde ýerli prokuroryň kömekçisi öldürildi.

Dagystanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Buinaksk şäherinde Rasul Gasanowyň ulagynyň aşagyna öý şertlerinde ýasalan partladyjy serişde ýerleşdirilipdir.

Bu aralykda Russiýanyň Derňew komiteti Dagystanyň Hasawýurt şäherinde bolan başga bir bomba hüjümi bilen baglylykda derňewiň başladylandygyny mälim etdi. Şol wakada näbelli hüjümçiler polisiýanyň patrulyna garşy bomba hüjümini amala aşyrypdylar. Partlamada ýerli ýaşaýjylaryň ikisi öldürildi we bäşisi, şol sanda polisiýanyň dört işgäri ýaralandy.
XS
SM
MD
LG