Sepleriň elýeterliligi

26 palestinaly azatlyga goýberildi


Palestinalylar Ysraýylyň türmelerinden 26 palestin tussaglarynyň goýberilmegini gutladylar. Azatlyga çykarylan palestinalylar adam öldürmek we terrorizm ýaly aýyplamalarda günälip tapylyp, uzak möhlet türme tussaglyklaryna höküm edilipdiler.

Ysraýyl tussaglary ABŞ-nyň howandarlygyndaky Ýaraşyk gepleşikleriniň çäginde azatlyga goýberdi. Bu 104 palestin tussagyny türmeden çykarmak boýunça göz öňünde tutulan dört tapgyryň üçünjisi boldy.

Palestinalylaryň hüjümleri netijesinde öldürilen ysraýyllylaryň käbirleriniň maşgala agzalary bu herekete garşy çykdylar.
XS
SM
MD
LG