Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin Wolgograd?


Wolgograd şäheri
Wolgograd şäheri
Geçen güýze çenli Orsýetiň Wolgograd şäherinde ümsümlik we asudalyk höküm sürýärdi.

Ýöne oktýabr aýynda janyndan geçen bir aýalyň jemgyýetçilik awtobusynda özüni partlatmagy bilen, ol ýerde ýagdaýlar üýtgedi. Şol partlamada 6 adam ölüpdi we olar, esasan, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalardy.

Ynha, indi bolsa agzalýan şäherde Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda yzly-yzyna iki gezek bombaly hüjüm amala aşyryldy. 29-njy dekabrda şäheriň merkezi otly wokzalynda partlama bolan bolsa, 30-njy dekabrda trolleýbusda bomba partladyldy. Iki partlamanyň netjiesinde 30 adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Adamlar näme üçin şeýle hadysalaryň başga şäherde däl-de, hut Wolgogradda amala aşyrylýandygy bilen gyzyklanýarlar.

Olimpiýa oýunlary

Soçide geçiriljek gyşky Olimpiadanyň golaýlaşmagy bilen ol ýerde howpsuzlyk çärelerine aýratyn üns berlip başlandy. Soçi şäheri Demirgazyk Kawkaza golaý bolup agzalýan region, ýagny Demirgazyk Kawkaz yslamçy gozgalaňçylardan ejir çekýär.

Ýöne "agentura.ru" saýtynyň redaktory Andreý Soldatowyň aýtmagyna görä, hüjümleriň Wolgogradda, ýagny Soçiden 650 km. uzakda ýerleşýän şäherde amala aşyrylmagy howpsuzlyk gulluklarynyň planlaryny bulaşdyrdy: "Meniň pikirimçe, olaryň esasy maksady howpsuzlyk güýçleriniň ünsüni başga ýana çekmek. Ýöne Olimpiadanyň golaýlaşmagy bilen howpsuzlyk gulluklary Orsýetiň diňe bir uly şäherleriniň howpsuzlygy üçin däl, eýse Soçide bina edilen olimpiýa desgalarynyň howpsuzlygynyň üpjünçiligini bilen hem meşgul bolmaly bolýarlar. Mundan başga-da, olar Wolgogradyň howpsuzlygyna aýratyn üns bermeli bolýarlar. Bu örän ýiti taktika, ýagny terrorçylar indiki hüjümini pylan ýerde amala aşyrar diýip pikir edilen wagty olar özleriniň başga ýerlerdäki hüjümleri bilen howpsuzlyk gulluklaryny güýmeýärler.”

Oktýabrdaky partlama

Iki hüjümde ulanylan partlaýjylardan çen tutup, Orsýetiň häkimiýetleri iki partlamanyň hem biri-biri bilen ilteşiklidigini aýdýarlar. Soňky bolan bu iki partlama bilen oktýabr aýynda amala aşyrylan bombaly hüjümiň hem öz arasynda meňzeş taraplary bar.

Oktýabrda bolup geçen partlamany dagystanly bir aýaldan gördüler. Ol aýal dermirgazyk kawkazly gozgalaňçy lider we şol sanda bomba hünärmeni bolan bir adama durmuşa çykansoň, musulman bolupdyr.

Gelip gowşan habarlara görä, janyndan geçen aýalyň adamsy we başga-da dört sany gozgalaňçy agzalýan wakadan bir aý geçensoň, ýagny noýabr aýynda Dagystanyň polisiýa işgärleri tarapyndan tutulyp öldürilipdirler.

Öz-özlerini Garaşsyz yslam döwleti diýip yglan eden Kawkaz Emirliginiň lideri Doku Umarow geçen tomusda jyhadçy söweşijileri Orsýetiň dürli şäherlerinde, şol sanda Soçide hüjümleri amala aşyrmaga çagyrdy.

Bir million ilatly Wolgograd şäherinde terror hüjümlerini amala aşyrarlyk strategiki möhüm desgalar ýok. Ýöne 29-njy dekabrda hüjüm edilen otly wokzaly ýurduň günortasyny demirgazyk bilen baglaýan demirýollaryň kesişýän ýeri. Her gün bu demirýollaryň üsti bilen müňlerçe adam syýahat edýär we olaryň köp bölegi ýa Moskwa gidýändir ýa-da Moskwadan gelýändir.

80-nji ýyllarda komunistik häkimiýetler tarapyndan “arassalanan” Wolgograd oblasty häli bu güne çenli ýurduň iň bir korrumpirlenen şäherleriniň hatarynda agzalýar. Ýöne, muňa garamazdan, bu şäheriň garaşylmadyk terror hüjümlerinde nyşana alynmagynyň sebäbi aýdyň däl.

Mümkin sebäpler

Bombaly hüjümleriň Wolgogradda amala aşyrylmagynyň sebäpleri barada aýdylanda, şu ähtimallyklary agzap geçip bileris, ýagny 2018-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä futbol çempionatynda oýunlaryň käbirleriniň Wolgogradda geçirilmegi, ýa-da bolmasa oňki ady Stalingrad bolan bu şäheriň Ikinji jahan urşy ýyllarynda gandöküşikli söweşlere şaýat bolmagy hem sebäpleriň hatarynda agzalyp bilner.

Moskwanyň Karnegi merkeziniň resmi saýtynda merkeziň müdiri Dmitriý Trenin agzalýan şäheriň Orsýet üçin simwoliki ähmiýetiniň bardygyny we Ikinji jahan urşy ýyllarynda bu şäheriň “ýeňşe we ýeňlişe” sezewar bolandygyny, hut şonuň üçinem terrorçylaryň halkyň aňynda öçmejek orun alan Wolgograda hüjüm edýändikleri aýdylýar.

Moskwanyň Karnegi merkeziniň kawkaz ýurtlary boýunça eksperti Dmitriý Malaşenkonyň aýtmagyna görä, Wolgogradda terrorçylaryň synag hüjümlerini amala aşyrmaklary üçin oňaýly şertleriň bar bolmagy ahmal: “Wolgogradda nämedir bir zat kimdir biriniň maksadyna oňaýly hyzmat edýär. Biziň şol “kimdir biri” diýýänimiz, belki ýerlilerdir, belki guramalardyr, belki-de daşardan gelen adamlardyr, bu barada anyk bir zat aýtmak kyn. Ýöne şol bir regionda yzly-yzyna üç gezek bombaly hüjüm amala aşyryldy. Meni bagyşlaň welin, ýagdaýyň şeýle bolmagy häkimiýetleriň ýüzüne urlan şarpyk”.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bombaly hüjüme tutuş ýurduň çäklerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek bilen jogap berdi. Içeri işler ministrligi tarnsport nokatlarynda howpsuzlygy aýratyn güýçlendirjekdigini wada berdi.

Wolgogradda bolan partlamadan soň az salymyň içinde “adatdan daşary ýagdaýlar” üçin niýetlenen ulaglaryň köçeleri doldurmagy bilen habarçylar bir zada, ýagny polisiýa işgärleriniň sanynyň ýeterlik däldigine göz ýetirendiklerini aýdýarlar.

Malaşenko bu hadysa barada şeýle gürrüň berýär: “Oktýabr aýynda bolan birinji partlamadan soň olar ilaty goramak üçin degişli çäreleri görmelidiler. Ýöne beýle zat bolmady. Esasy mesele partlamanyň nirede bolany ýa-da näme üçin Wolgogradda bolany däl, esasy mesele - başga nirelerde ýene şeýle hüjümleriň bolup biljekdigi. Eger-de şeýle hüjümi Wolgograd şäherinde amala aşyryp bilen bolsalar, diýmek, şeýle ýagdaý Orsýetiň islendik şaherinde-de gaýtalanyp bilner”.
XS
SM
MD
LG