Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolgograd: Ilkinji pidalar jaýlandy


Sergeý Nalibaýkonyň jaýlanylşy. 31-nji dekabr, 2013 ý.
Sergeý Nalibaýkonyň jaýlanylşy. 31-nji dekabr, 2013 ý.
Wolgogradda janyndan geçenleriň amala aşyran iki bomba hüjüminiň pidalarynyň ilkinjileri howpsuzlyk güýçleriniň berk gözegçiligi astynda jaýlandy.

29 ýaşly Sergeý Nalibaýko we 27 ýaşly Leonid Suşçew sişenbe güni şäheriň gonamçylyklarynda jaýlandy. Çarşenbe güni partlamalarda heläk bolanlaryň ýene-de azyndan ikisini jaýlamak göz öňünde tutulýar.

Orsýetiň mediasy Nalibaýkonyň ençeme adamyň janyny halas edendigini ýazýar. Nalibaýko ýekşenbe güni şäheriň wokzalynda janyndan geçeniň müňkürlik döredýän hereketlerine üns berip, oňa garşysyndan çykypdyr.

Rus resmileri ýekşenbe güni wokzalda we duşenbe güni trolleýbusyň içinde bolan hüjümlerde 34 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Emma şol bir wagtda keselhanada ýatan ýaralylaryň hem “agyr” ýagdaýdadygy aýdylýar. Gürrüňi gidýän ýaralylaryň azyndan dördüsiniň bejergi üçin Moskwa äkidilendigi hem habar berilýär.

Howpsuzlyk güýçlendi

Ýekşenbe we duşenbe günleri bolan hüjümlerden soň rus häkimiýetleri 5 müň 200-e golaý polisiýa işgärini şäheriň köçelerinde we jemgyýetçilik transportda ýerleşdirdi.

Wolgogradyň häkimi Sergeý Boženow meýletinçileriň hem polisiýa hemaýat berýändigini aýdýar: “Hawa, häzirki wagtda kazak meýletinçileri polisiýa bilen birlikde köçelere aýlanýarlar. Kazak meýletinçileriniň sany barha artýar”.

Wolgogradyň polisiýasy häzire çenli 1 müň 500 töweregi jaýda barlagyň geçirilendigini, şeýle-de gözleg işleriniň dowam edýändigini habar berýär. Bu çäreleriň çäginde 87 adamyň tussag edilendigi hem aýdylýar. Olaryň aglabasynyň galp dokumentler bilen tutulandygy aýdylýar.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleri we halkara guramalar bu hüjümleri ýazgardylar.

Hüjümler 7-nji fewralda Soçide açylmaly gyşky Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly käbir aladalary döretdi. Soçi Wolgograddan 700 km günorta-gündogarda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG