Sepleriň elýeterliligi

Putin Wolgograda bardy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Wolgograda sapara bardy. Bu şäherde soňky hepdäniň dowamynda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde 34 adam öldi.

Çarşenbe güni eden çykyşynda Putin hüjümleri “ýigrençlik” diýip atlandyrdy.

Putin: “Wolgogradda amal edilen bu jenaýatyň ýa-da jenaýatlaryň ýigrençligini beýan etmek üçin başga goşmaça düşündiriş gerek däl. Jenaýatçylar öz hereketlerini näme bilen düşündirseler-de, parahat ilata, hususan-da aýallara we çagalara garşy edilen jenaýata düşündiriş bolup bilmez” diýdi.

Mundan bir gün öň, Putin Habarowskada eden Täze ýyl çykyşynda “terrorizme garşy göreşmegi dowam etdirjekdigine” söz berdi.

Hüjümler 7-nji fewralda Soçide açylmaly gyşky Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly käbir aladalary döretdi.
XS
SM
MD
LG