Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç "milli jebislige" çagyrdy


Ukrainanyň prezidenti halka ýüzlenip 2014-nji ýylda “milli jebislige” çagyryş etdi. Wiktor Ýanukowiç muny Täze ýyl çykyşynyň çäginde belläp geçdi.

Noýabr aýynda Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan ýüz öwürenden soň, on müňlerçe adam hökümetiň çekilmegini talap edip köçelere çykdy.

Täze ýyl çykyşynyň dowamynda Ýanukowiç ÝB, Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini aýtdy. Şeýle-de ol Ukrainanyň bähbitlerine zeper ýetmejekdigine söz berdi.

Mundan birnäçe sagat soň, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda azyndan 100 müň adam Ýewropa bilen integrasiýany goldap, ýurduň milli gimnini aýtdy.
XS
SM
MD
LG