Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Aktiwistler tussag edildi


Russiýanyň paýtagtynda polisiýa ençeme aktiwisti we oppozisiýa liderini tussag etdi. 31-nji dekabr güni onlarça aktiwist Russiýanyň Konstitusiýanyň 31-nji maddasyna ünsi çekmek üçin Moskwada ýygnandy. Şol madda adamlaryň erkin ýygnanyşmak hukugyny kepillendirýär.

Aktiwistler “Ähli ýerde we islendik wagty erkin ýygnanyşmaly”, “Russiýa azat bolar” we “Syýasy tussaglar azat bolsun” diýen şygarlary gegyrdylar.

“Başga Russiýa” atly oppozisiýa hereketiniň başlygy Eduard Limonow Moskwanyň Triumfalnaýa meýdançasyna geleninden biraz soň tussag edildi.

“Strategiýa 31” atly hereketi her aýyň 31-ne protestleri geçirmäge çagyryş edýär.
XS
SM
MD
LG