Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinaide gazgeçiriji partlady


Müsüriň Sinai şäherinde gazgeçirijide partlama boldy. Howpsuzlyk resmileri bu hüjümi söweşijileriň edendigini çaklaýarlar.

Bu waka bilen bagly dörän heläkçilikler barada hiç hili maglumat berilmedi.

Howpsuzlyk güýçleri dörän ýagdaýlary derňemek üçin sebite ugradyldy.

Geçen ýylyň 3-nji iýulynda harbylar prezident Muhammad Morsini häkimiýetden çetleşdirenden soň, resmiler ýurtda durnuklylygy ornaşdyrjak bolup tagalla edýärler.
XS
SM
MD
LG