Sepleriň elýeterliligi

Beýrutda "emir" al-Majidi tutuldy


Liwanyň aňtaw gulluklary “Al-Kaýda” bilen ilteşikli toparyň ýolbaşçysyny tussag etdiler.

Liwanyň goranmak ministri Faýez Ghosnyň beren maglumatyna görä, aňtaw işgärleri “Abdullah Azzam Brigadalarynyň” “emiri” Majid al-Majidi ele salypdyrlar.

Ghosny al-Majidiň gizlin ýerde sorag edilýändigini hem sözüne goşdy.

Al-Majid terrorçylyk aýyplamalary esasynda Saud Arabystany we ABŞ tarapyndan gözlenilýär.

Al-Majidiň toparynyň ady “Al-Kaýdanyň” esaslandyryjysy Osama bin Ladeniň halypasy Abdullah Azamyň hatyrasyna dakyldy.
XS
SM
MD
LG