Sepleriň elýeterliligi

Wolgograd: Putin hüjümleri ýazgardy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Habarowskada Täze ýyl çykyşyny edýär. 31-nji dekabr, 2013 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Habarowskada Täze ýyl çykyşyny edýär. 31-nji dekabr, 2013 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Wolgograda sapara bardy. Bu şäherde soňky hepdäniň dowamynda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde 34 adam öldi.
Çarşenbe güni eden çykyşynda Putin hüjümleri “ýigrençlik” diýip atlandyrdy.
Putin: “Wolgogradda amal edilen bu jenaýatyň ýa-da jenaýatlaryň ýigrençligini beýan etmek üçin başga goşmaça düşündiriş gerek däl. Jenaýatçylar öz hereketlerini näme bilen düşündirseler-de, parahat ilata, hususan-da aýallara we çagalara garşy edilen jenaýata düşündiriş bolup bilmez” diýdi.
Putin partlamalardan aman galan käbir adamlar, şeýle-de hüjümleri derňeýän resmiler bilen duşuşdy.
Ýekşenbe güni janyndan geçen hüjümçi şäheriň wokzalynda özüni partlatdy. Duşenbe güni Wolgogradyň trolleýbuslarynyň birinde hem janyndan geçenleriň biri özüni ýardy. Bu wakalarda azyndan 34 adam öldi, 70-e golaýy hem ýaralandy.

"Göreşi dowam ederis"
Mundan bir gün öň, Putin Habarowskada eden Täze ýyl çykyşynda “terrorizme garşy göreşmegi dowam etdirjekdigine” söz berdi: “Gadyrly dostlar, biz bu aýylganç hüjümlerde heläk bolanlaryň öňünde başymyzy egýäris. Terroristler dolulygyna ýok edilýänçä, biz olara garşy ynamly, berk we dowamly göreşi alyp bararys” diýdi.
Ýekşenbe we duşenbe günleri bolan hüjümlerden soň rus häkimiýetleri 5 müň 200-e golaý polisiýa işgärini şäheriň köçelerinde we jemgyýetçilik transportda ýerleşdirdi.
Wolgogradyň häkimi Sergeý Boženow meýletinçileriň hem polisiýa hemaýat berýändigini aýdýar: “Hawa, häzirki wagtda kazak meýletinçileri polisiýa bilen birlikde köçelere aýlanýarlar. Kazak meýletinçileriniň sany barha artýar”.
Hüjümler 7-nji fewralda Soçide açylmaly gyşky Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly käbir aladalary döretdi.
XS
SM
MD
LG