Sepleriň elýeterliligi

Almahon Haýytowa aradan çykdy


Magtymgulynyň onlarça goşgularyna aýdym aýdan özbek aýdymçysy Almahon Haýytowa aradan çykdy.

Birinji ýanwarda 73 ýaşynda aradan çykan Haýytowa ikinji ýanwarda Horezmde jaýlandy. Aýdymçynyň gant keselinden ejir çekendigi barada habar berildi.

Özbegistanyň halk artisti Almahon Haýytowa Magtymgulynyň döredijiligini özbek hem garagalpak halklaryna propaganda etmek bilen tanymal aýdymçydy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň halk artisti Kamiljan Atanyýazowyň ýakyn şägirdi bolan Almahon Haýytowa Türkmenistanda ençeme konsert beripdi.
XS
SM
MD
LG