Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýertitreme boldy


Eýranyň günortasynda 5.5 bal derejesinde ýeryranma boldy. Wakanyň netijesinde bir adam öldi we takmynan 30 sanysy hem ýaralandy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, ýertitremäniň netijesinde ýurduň günortasyndaky Hormozgan welaýatynda ençeme elektrik liniýasy we bina weýran bolupdyr.

Ýertitreme penşenbe güni ir bilen Tähranyň takmynan 1 müň 200 kilometr günortasynda ýerleşýän Bastak şäherinde bolup geçdi. Şondan soň sebitde birnäçe ýersarsmalaryň bolandygy hem habar berilýär.

Eýran güýçli seýsmiki zonada ýerleşip, ýurtda ýygy-ýygydan ýertitremeler bolup geçýär. 2003-nji ýylda Eýranyň günorta-gündogaryndaky Bam şäherinde bolan 6.6 bal derejesindäki ýertitremede takmynan 26 müň adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG