Sepleriň elýeterliligi

Halkara guramalary we täze "başlyklar"


Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras

Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras

Täze ýylyň başlanmagy bilen halkara guramalarynyň ençemesi özüniň geçiş prezidentlik statusyny nobatdaky bir döwlete gowşurdy. Kä halatlarda bu oňaýly netijeleri berse, kä-te ýagdaýlar onçakly gowy hem bolmaýar.

Gresiýa - Ýewropa Bileleşigi

Ýewropa Bileleşigi öten üç ýyly, kepilnama berip, "Halkara Pul Fondy" bilen birlikde Gresiýany 320 milliard dollar pul bilen üpjün etmek bilen geçirdi. Maksat grek ykdysadyýetini tutuşlygyna çökmekden goramakdy.

Onsoň bu 28 agzaly blok Gresiýa ýene kömek bermek barada pikir alşyp ýörkä, bu ýurduň geljek alty aýlykda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçyk etmegi belli bir derejede geň görünýär.

Gresiýanyň premýer-ministri Antonis Samaras edilen berk tygşytlylygyň özüni ödändigini, 2014-nji ýylyň ýurdy "adatylyk prespektiwasyna" dolap getirjekdigini, kredit üçin kepilnama gerek boljak däldigini aýtdy.

Ýöne bu berilýän töwekgelçilikli bir söz. Şol sebäpden ol grek kanun çykaryjylaryny refomalary dowam etdirmäge çagyrdy.

"Men sizden bizi yza galdyran ähli zatlary arka atyp, aýgytlylyk we edermenlik bilen başlan işimizi soňuna çenli alyp barmagy soraýaryn. Men sizden halkyň Gresiýa öz aýagynyň üstünde dur, ol öňe tarap barýar diýen garaýşyny güýçlendirmegiňizi soraýaryn" diýip, Samaras nygtady.

Ýurtda höküm sürýän işsizlik derejesi 30 prosente ýetip, adamlaryň gahar-gazaby barha artýarka, Ýewropa Bileleşigine 6 aýlyk prezidentlik döwründe Samarasyň ýurtda durnuklylygy saklap biljekdigi şübheli.

Orsýet - G8

2013-nji ýylda dünýäniň "G8" toparyna ýolbaşçylyk eden Beýik Britaniýa bolsa-da, öz gowy görýän roluny oýnap, ýene-de ”oýny” bozan ors prezidenti Wladimir Putin boldy. Ol bu topar tarapyndan taýýarlanan beýannamada Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan aýrylmagy barada edilýän çagyryşy üýtgetdi.

Putiniň bu garaşylmadyk hereketi Kanadanyň premýer-ministri Stefen Harperiň ýiti tankydyna uçrady. Ol ors liderini G8-i häsiýetlendirýän hyzmatdaşlyk düşünjesine ters hereket etmekde aýyplady: "Men öz-özümizi aldamalydyrys öýdemok. Bu topar "G7 goşmak 1". Biz, Günbatardakylar, ýagdaýa bütinleý başgaça garaýarys. Jenap Putin bilen onuň hökümetiniň Assadyň režiminiň kellekeserlerini goldamagynyň öz delilleri bar. Emma biz muny adalatly hasaplamzok".

Adalatly bolsa-bolmasa-da, Orsýet, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Ýaponiýadan durýan bu topara bir ýyllyk prezidentligi 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan beýläk Harperiň "goşmak bir" diýýäni, ýagny Orsýet öz eline aldy.

Azerbaýjan-Ýewropa Geňeşi

2014-nji ýylyň 1-nji maýyndan beýläk ýene bir abraýly prezidentlik wezpesi Azerbaýjana geçer. Baku 6 aýlap Ýewropa Geňeşiniň karar çykaryjy organy bolan "Ministrler Komitetine" ýolbaşçylyk eder.

Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy (ÝGPA) bilen birlikde Ministrler komiteti Geňeşiň adam hukuklary, demokratiýa we kanunçylyk barada beýan edilen gymmatlyklarynyň "gözegçisi" hasaplanýar.

Ýöne "ÝGPA" 2013-nji ýylyň ýanwarynda Azerbaýjandaky syýasy tussaglar barada hasabat bermänligi üçin ýiti tankytlandy.

Hasabaty taýýarlan germaniýaly kanunçykaryjy Kristof Strasser Ýewropa Geňeşiniň parlament assambleýasyny "işbil diplomatiýasy" diýilýäne pida bolanlykda aýyplady.

"Käbir milli parlamentleriň wekilleriniň dynç almak üçin Azerbaýjana çagyrylyp, ol ýerde ençeme gününi rahat geçirendigi barada käbir alamatlar bar. Meniň pikirimçe, bu bir gümürtik zona. Bu - korrupsiýa diýmäge mende delil ýok. Ýöne şoňa juda ýakyn zat" diýip, Strasser aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG