Sepleriň elýeterliligi

Wolgograd: Partlamanyň pidalary jaýlanýar


Wolgogradda häpdäniň başynda bolan partlamanyň ýene alty pidasy anna güni jaýlandy. Bu jaýlanyş çäresi şäherde bolan goşa partlama zerarly heläk bolanlaryň hatyrasyna tutulan bäş günlük matamyň soňky güni geçirildi.

Ýekşenbe güni demirýol wokzalynyň girelgesinde we duşenbe güni trolleýbusda bolan partlamalarda jemi 34 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy. Täze ýyl baýramçylygyny bellemek boýunça dabaralaryň ençemesi ýatyryldy. Ýaralananlardan 65 adam agyr ýagdaýda keselhanada saklanýar.

Wolgogradda polisiýanyň müňlerçe işgäriniň gatnaşmagynda geçirilýän terrorçylyga garşy operasiýalar dowam etdirilýär.

Azyndan 150 adam tussag edildi, olaryň aglaba bölegi Merkezi Aziýanyň raýatlary we kawkazly migrantlar. Bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Partlamalar Wolgograddan 700 kilometr uzaklykda ýerleşýän Soçi şäherinde boljak gyşky Olimpiada oýunlaryna bäş hepde galanda boldy.
XS
SM
MD
LG