Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Singh wezipeden çekilmekçi


Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh şu ýylda boljak saýlawlardan soň wezipesinden çekiljegini anna güni aýtdy. 81 ýaşly Singh özüniň "Hindistanyň milli kongressi” atly partiýasy üçünji sapar öňe saýlansa-da öz wezipesini täze premýer-ministre tabşyrjakdygyny aýtdy.

Hindistanyň esasy "Hindu" milletçi partiýasy ýakynky saýlawlarda "Kongressden” öňe saýlanypdy. Singh Rahul Gandiniň “Kongresse” ýolbaşçylyk etmek we premýer-ministr wezipesine dalaş etmek üçin iň gowy kandidatdygyny aýtdy.

1990-njy ýyllarda maliýe ministri bolan döwründe Singhyň abraýy hasam güýçlenipdi. Emma korrupsiýa bilen bagly dawalar hem ykdysady ösüşiň haýallamagy Singhyň abraýyna kölege salypdy.
XS
SM
MD
LG