Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Ysraýylda gepleşik geçirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni Ysraýylyň premýer-ministri Awigdor Liberman bilen duşuşyk geçirdi. Bu Jon Kerriniň bir ýylyň dowamynda Ýakyn Gündogar regionyna edýän 10-njy saparydyr.

Kerri Ysraýyly we Palestinany maý aýyna çenli berilen dokuz aýlyk wagt möhleti tamamlanýança parahatçylyk ugrunda ilkinji ylalaşyk baglaşmaga çagyrdy.

Kerri Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen penşenbe güni, şeýle-de Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşygynyň öňýanynda anna güni duşuşdy. Ysraýyl we Palestina parahatçylyk ugrundaky ylalaşyk boýunça bir-biriniň borçnamalaryna şübhe bildirýärler.
XS
SM
MD
LG