Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Beýrutdaky partlamalary ýazgardy


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Beýrutda alty adamyň wepat bolmagyna hem onlarça adamyň ýaralanmagyna getiren bomba partlamasyny ýazgardy.

Şeýle-de BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon penşenbe günki bomba partlamasynyň soňky aýlarda Liwanda dörän zorluklaryň güýçlenmegine bildirilýän aladalanmalary hasam artdyrandygyny belledi we Liwanyň ähli partiýalaryny sabyrlylyga çagyrdy.

Soňky partlama öňki maliýe ministri Muhammad Çattahyň Beýrutda bomba partlamasynda heläk bolmagyndan bir hepde geçensoň boldy. Soňky aýlarda Liwanyň paýtagty ençeme bomba partlamalaryny başdan geçirdi. Bu goňşy Siriýada şaýylaryň we sünnileriň arasyndaky konfliktiň güýçlenen döwrüne gabat geldi.

Liwanyň daşary işler ministri Adnan Mansur zorlugy saklamak üçin halkara ýardamyny sorady.
XS
SM
MD
LG