Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň senatorlary Karzaýa basyş edýärler


India -- Afghan President Hamid Karzai addresses media representatives during a press conference in New Delhi, December 14, 2013

India -- Afghan President Hamid Karzai addresses media representatives during a press conference in New Delhi, December 14, 2013

Amerikanyň birnäçe senatorlary garşylyk bildirenlerinden soňra, owgan prezidenti Hamid Karzaý 88 tussagy boşatmak baradaky ozal kabul edilen kararyň täzeden gözden geçirilmegini buýurdy.

Karzaýyň bu perman çykarmagyna sebäp bolan Respublikan partiýasynyň wekilleri Jon MkKain blen Lindseý Grahamyň ýolbaşçylygyndaky amerikan senatorlary bilen penşenbe güni geçen duşuşyk.

Graham Karzaý bilen duşuşykdan soň 88 tussagyň boşadylmagy barada bir metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Bu 88 tussagyň ýaramaz işleri etjekdigini çaklara esas döredýän ençeme deliller bar. Bu 88-iň eden işleri netijesinde koalisiýanyň güýçlerinden 60-dan gowrak adam öldi. Bu 88-iň eden işleri zerarly 57 owgan öldi.

Olaryň azatlyga goýberilmegi owgan halkynyň, esgerleriň we bu jenaýatçylary tutmak üçin batyrgaýlyk bilen öz janlaryny howp astyna salan adamlaryň garşysyna edilen iş bolar".

ABŞ bilen gatnaşyklara täsir

Graham şeýle hem bu adamlaryň boşadylmagy Birleşen Ştatlar bilen bolan gatnaşyga zyýan ýetirer diýdi: "Bu azat edişlik ýol alsa, onda ol [biziň özara] gatnaşyklarymyza soňra düzedip bolmajak zyýan ýetirer. Amerikan Kongresinde-de [bu meselede] yza tesişlik bolar. Men bu iş owgan halkyny hem tukatlandyrar diýip pikir edýärin. Siz şu wagt hem eşidýänsiňiz, owgan halky howply jenaýatkärleriň türmeden oýlanyşyksyz boşadylmagyny däl, olaryň suda çekilmegini isleýär. Şol sebäpden biz Owganystanyň hukuk sistemasy öz etmeli işini eder diýip umyt edýäris. Biz bu adamlaryň Amerikada suda çekilmegini soramzok. Biz bu işi amerikanlaryň etmegini soramzok. Biz bu karary [bu ugurdan] tejribeli kazylar çykarsyn diýýäris".

Abdu Şokur Dadras Bagramda saklanýan bu tussaglaryň işini täzeden gözden geçirmek üçin prezident Karzaý tarapyndan döredilen komissiýanyň agzasy. Ol Grahamyň aýdýan tussaglarynyň işine täzeden garaljakdygyny aýtdy: "Biz bu 88-iň işini gözden geçirmegi eýýäm tamamladyk. Ýöne indi, prezidentiň köşgünden gelen perman boýunça, milli we daşary ýurt aňtaw gulluklarynyň olaryň talaplaryny goldamak üçin bizi näme subutnamalar bilen üpjün etjekdigine garaşýarys".

Gepleşikler we hyzmatdaşlyk

Owgan häkimiýetleri "Talyban" güýçlerini ýaraşyk gepleşiklerine höweslendirmek üçin 650 sany tussagy türmeden boşadýarlar. Bu 88 adam hem şol topara degişli.

MkKainiň aýtmagyna görä, senatorlar Karzaý bilen "Ikitaraplaýyn Howpsuzlyk Ylalaşygy" barada hem gürleşipdirler. Karzaý bu ylalaşyga gol çekmäge o diýen göwünli däl.

"Men prezident Hamid Karzaý bilen geçen uzak duşuşyk netijesinde aradaky pikir tapawutlarynyň azalandygyna ynanýaryn. Şeýle hem Ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna gol çekilip, onuň gijikdirilmän, basym amala aşyrylmagyna umytly garaýaryn" diýip, MkKain aýtdy.

Birleşen Ştatlar ylalaşyga gelinmedik halatynda özleriniň ähli ýaragly güýçlerini 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykarjakdyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG