Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Milliarder Zanjani tussag astynda


Babak Zanjani
Babak Zanjani
Eýranyň häkimiýetleri ýagdaýy gümürtik milliarderi, ýagny günbatar ýurtlary tarapyndan Eýrana garşy girizilen sanksiýalara boýun egmezlikde aýyplanýan Babak Zanjanini tussag etdi.

Babak Zanjaniniň jemi 14 milliard dollara barabar baýlygy bar diýlip çak edilýär. Eger ýagdaý, hakykatdanam, şeýle bolsa, onda ol Eýranyň diri milliarderleriniň arasynda iň baýy bolmaly.

Muňa garamazdan, ol 2012-nji ýyla çenli kän bir uly meşhurlyga eýe däldi. Ýöne 2012-nji ýylda onuň adynyň günbatar ykdysadyýeti we Eýrana edilýän sanksiýalar bilen ilteşikli agzalyp başlanansoň, ol has uly meşhurlyga eýe boldy. Indi onuň ady Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar tarapyndan gara sanawa goşuldy. Ýagdaýyň şeýle bolmagyna onuň, ýagny Babak Zanjaniniň Eýrana garşy girizilen sanksiýalara boýun egmezligi sebäp boldy diýilýär.

Özüni “ykdysady basiž” (basiž: eýranda polisiýanyň bir görnüşi) diýip atlandyrýan Zanjani 30-njy dekabrda saklanyldy.

Zanjaniniň şirketleri

Zanjaniniň “Sorinet Group” kompaniýasyna degişli 65 sany firmasy Eýranda, Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Malaýziýada we Täjigistanda hereket edýär.

Birleşen Ştatlaryň Hazyna ministrliginiň maglumatlaryna görä 1971-nji ýa-da 1974-nji ýylda doguldy diýilýän Zanjaniniň dürli ugurlarda, has takygy kosmetika, ulag we aragatnaşyk, bank ulgamlarynda iş alyp barýandygy aýdylýar. Oňa degişli Rah Ahan atly futbol topary bar, şeýle-de Zanjani Eýranyň kino sungatynyň ösmegi üçin pul serişdelerini sarp edýär.

Esasan Dubaýda we Türkiýede ýaşaýan Zanjani ozallar özüniň syýasata hiç haçan goşulmaýandygyny öňe sürerdi. Ol “men diňe söwda edýärin” diýerdi. Ýöne, ynha, geçen ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşigi Zanjanini “Eýranyň nebitini satmakda esasy adam” diýip yglan etdi.

Aprel aýynda Birleşen Ştatlaryň Hazyna departamenti Babak Zanjanä we şol sanda köp sanly kompaniýalara garşy sanksiýa girizdi. Zanjani we agzalýan kompaniýalar Eýran hökümetiniň hasabyna milliardlarça dollary geçirmekde aýyplanýarlar.

Şol wagtlar Zanjani özüne bildirilýän aýyplamalary ret edipdi we özüniň adynyň gara sanawdadygyna kakdyryp, bu ýagdaýyň özüne oňyn peýda getirendigini aýdypdy.

Ýöne ol Eýran mediasynda eden soňky çykyşlarynda 2010-njy ýyldan bäri özüniň Eýranyň Merkezi bankynyň haýyşy bilen nebit önümleriniň girdejilerini ýurda getirmekde kömek edendigini boýun aldy.

Syýasatçylar bilen gatnaşyk

Zanjaniniň Eýranda käbir syýasatçylar bilen arkalaşykly işleşýändigi hem aç-açan ýüze çykdy.

2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Eýranyň parlamentinde bolup geçen dawada Mahmut Ahmedinejad öz syýasy garşydaşy Ali Larijaniniň inisini syrly “Jenap Z.den” para almakda günäkärläpdi. Şonda Ahmedinejad “Jenap Z.-niň” doly adyny aýtmakdan saklanypdy. Ýöne şondan soň internetde Zanjaniniň Ali Larijaniniň inisi Fazel bilen düşen suratlary we wideolary peýda bolupdy.

Zarijani özüne bildirilen aýyplamalary ret edip, Fazel Larijani bilen tötänden duşuşandygyny aýdypdy. Şeýle-de ol özüniň eli ýaragly düşen suratynyň internetde goýulmagyna gülki bilen jogap beripdi we suratdaky adamyň hakykatdan özüdigini ýöne suratyň mundan 15 ýyl ozal Yrakda düşürilendigini aýdypdy. Ol şonda BBC kanalyna beren interwýusynda, “şol döwürlerde agzalýan ýurtda howpsuzlyk maksady bilen ýarag götermegiň adaty zatdygyny” aýdypdy.

Şahsy durmuş

Zanjaniniň Facebook ulgamyndaky şahsy sahypasynda onuň has ýumşak taraplary görkezilýär. Mysal üçin, onuň skripka çalýan wagty düşürilen suraty, motor sürýärkä düşürilen suraty ýa-da bolmasa öz dost-ýarlary bilen daşarda nahar iýip oturan suraty onuň sosial sahypasynda ýerleşdirilipdir. Galyberse-de, suratlarda onuň öz sahypasynda Zanjaniniň ýygnaklara gatnaşýan, syýahat edýän, gurluşyk meýdanlaryny baryp görýän we interwýu berýän pursatlary görkezilipdir.

Eýran mediasynyň Zanjani bilen geçiren soňky söhbetdeşliginde ol özüniň gelip çykyşy boýunça pespäl maşgaladandygyny, kakasynyň bolsa demirýol işçisi bolandygyny aýdýar. Ol ilkibaşda merkezi bankda sürüji bolup işe başlandygyny we şondan soň Türkiýä göçendigini, şol ýerde bagt tapandygyny aýdýar.

Soňky ýyllarda ol Täjigistana-da birnäçe gezek sapar etdi. Zanjani Duşanbede awtobus wokzaly, gipermarket we başga-da käbir binalary gurdurdy. (Ynha, şu wideoda ol Täjigistanyň Norak şäherinde tans edýär)

Baý täjir Hudaýyň kömegi we özüne ýar bolan şowlulygyň kömegi bilen üstünlige ýetendigini aýdýar. Ýöne soňky maglumatlardan çen tutsaň, Babak Zanjanä ýar bolan şowlulyk indi oňa kömek etmeýän ýaly, sebäbi onuň Tähranda ýerleşýän Ewin türmesine gabalandygy aýdylýar.

Derňew

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanaly "Press TW-de" aýdylyşyna görä, Eýranyň Ýokary Barlag Kazysy Huseýin Rahimi, ýurduň nebit kompaniýasynyň 3 milliard dollarlyk nebiti daşary ýurda eksport etmek üçin Zanjanä tabşyrandygyny we Babak Zanjaniniň hem millionlarça dollara barabar bolan nebit girdejilerini özünde saklap galandygyny aýdyp, onuň garşysyna aýyplama bildirdi.

Babak Zanjaniniň söwda işleri sentýabr aýynda derňelip başlandy. Şonda Eýran parlamenti ony döwletiň puluny yzyna tabşyrmazlykda aýyplapdy. Zanjani prezident Hasan Rohaniniň parahorlyk we korrupsiýa bilen ýokary derejede göreşiljekdigini wada beren gününiň ertesi tussag edildi.

Zanjani özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär. Şeýle-de ol Türkiýede döwlet işgärleriniň gatnaşmagynda boldy diýilýän korrupsiýa dawalarynda öz ilteşiginiň bardygyny hem ret edýär. Türkiýedäki agzalýan dawalar halkyň köçelere çykyp protest çärelerini geçirmegine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG