Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2014: Türkmen hökümeti ilkinji maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň hökümeti şu ýyl birinji maslahatyny geçirdi. Resmi maglumatlara görä, 3-nji ýanwarda bolan maslahatda ýurduň ykdysady ösüşine we içeri hem daşary syýasatyna degişli meselelere garalyp, bank, energiýa, gurluşyk, oba hojalyk, daşary ykdysady we syýasy gatnaşyklar, ýurduň içindäki medeni we halkara çäreler ýaly ugurlarda edilen işlere baha berilipdir we edilmeli indiki işler kesgitlenipdir.

Prezident G.Berdimuhamedow 2013-nji ýylda öňde goýlan wezipeleriň köpüsiniň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Hökümet maslahatynda mälim edilişine görä, ýylyň başyna planlaşdyrylan çäreleriň arasynda 7-nji ýanwarda Mejlisiň bäşinji çagyryşynyň ilkinji maslahaty geçirilip, milli parlamentiň düzümi kesgitlener, başlygy bellener we komitetleriň ýolbaşçylary saýlanar. Prezident Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Mejlisiň komitetleriniň sanyny artdyrmak we ýaşlar syýasaty boýunça komiteti döretmek meselesine garalar.
XS
SM
MD
LG