Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Yrakdaky zorlugy ýazgardy


Waşington Yragyň Anbar welaýatynda söweşijileriň tutaşdyran zorlugyny “iň berk görnüşde” ýazgardy.

Döwlet departamentiniň reaksiýasy Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we ýaran toparlaryň Ramadi we Fallujah şäherlerini yslamçylaryň elinden gaýdyp alandygy barada anna günki habarlardan soň peýda boldy.

AÝ/AR-nyň Ramadi şäherindäki habarçysynyň maglumatyna görä, polisiýa we sünni ýaranlar şäheriň ençeme böleklerinde polisiýanyň bölümlerini söweşijileriň elinden alypdyrlar. Şeýle-de ol howpsuzlyk güýçleriniň Fallujah şäheriniň golaýyndaky söweşlerde uly öňegidişlik gazanyp bilmändigini aýtdy. Bu ýerde Bagdada barýan uly ýol “Al-Kaýda” ýakyn bolan gozgalaňçylaryň elinde galýar.

Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we “Al-Kaýda” ýakyn “Yrak yslam döwleti” hem “Lewant” atly toparlaryň arasyndaky söweşler duşenbe güni başlanypdy.
XS
SM
MD
LG