Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri diplomatiýasyny dowam etdirýär


Şenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Ýakyn Gündogarda alyp barýan parahatçylyk missiýasyny dowam etdirdi. Bu onuň regiona edýän saparynyň üçünji günüdir.

Kerriniň Ysraýyl we Palestina taraplarynyň arasynda syýahat etjegi barada habar berildi. Kerri taraplary parahatçylyk ugrunda ilkinji ylalaşyga gelmäge ündeýär, emma analitikler garşylygyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas Ysraýylyň basyp alan Günbatar kenarynda ýewreýler üçin has köp jaý gurmak barada ýakynda yglan etmeginiň Tel Awiwiň parahatçylyk ugrunda öňegidişlige tarap ymtylmaýandygyny görkezýär, diýdi. Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Abbasyň sişenbe güni Ysraýylyň türmesinden boşadylan palestinaly tussaglary gahryman hökmünde garşy almagyny tankyt etdi.

Kerri Ysraýylyň we Palestinanyň parahatçylyk ugrunda ylalaşyk baglaşmak barada berk karara gelmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG