Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-Owganystan: Esger öldürildi


Owganystanyň günortasynda söweşijileriň şenbe güni harby baza eden hüjüminiň netijesinde NATO-nyň esgeri öldürildi.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili Ahmad Zia Abdulzaýyň aýtmagyna görä, “Talyban” hereketiniň söweşijileri awtoulaga goýlan bombany partladyp, NATO we Owganystan tarapyndan bilelikde dolandyrylýan bazanyň derwezesini ýumrupdyrlar we baza hüjüm edipdirler. Welaýat resmisi ok atyşykda bäş hüjümçiniň ählisiniň we bir NATO-nyň esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid “Talybanyň” hüjüme jogapkärdigini aýtdy.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda NATO-nyň harby missiýasynyň tamamlanmagy bilen şu ýyl halkara güýçleriniň 85 müň esgeri Owganystandan çykarylar. Emma Waşingtonyň we Kabulyň arasynda howpsuzlyk boýunça ylalaşyga gol çekilse ABŞ-nyň müňlerçe harbysy Owganystanda galyp owgan harbylaryny türgenleşdirip biler.
XS
SM
MD
LG