Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Demonstrasiýa gadagançylyk gowşady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2014-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Soçi şäherinde demonstrasiýalaryň geçirilmegine gadagançylyklary gowşatdy. Olimpiada 7-nji fewralda geçiriler.

Kremliň çykaran permanynda Soçide Olimpiada degişli bolmadyk “ýygnanyşyklaryň, ýörişleriň, demonstrasiýalaryň, marşlaryň we piketleriň” şäheriň administrasiýasynyň we Içeri işler ministrliginiň ýerli resmileriniň rugsady bilen geçirilip bilinjekdigi aýdylýar.

2013-nji ýylyň awgust aýynda çykarylan öňki permanda Soçide islendik ýörişleriň we protest çykyşlarynyň geçirilmegi gadagan edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar şeýle çäklendirmeleriň konstitusiýa ters gelýändigini aýdypdylar.

Orsýetiň hökümeti seksual azlyklaryň arasynda “geý propagandasyny” gadagan edýän kanun üçin halkara derejesinde tankyt edildi, käbirler bu kanun sebäpli Soçidäki Olimpiadany boýkot etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG