Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Yrakdaky zorlugy berk ýazgardy


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Marie Harf
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Marie Harf
Waşington Yragyň Anbar welaýatynda söweşijileriň tutaşdyran zorlugyny “iň berk görnüşde” ýazgardy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Marie Harf şeýle diýdi: "Şübhesiz biz bu zorlugy iň berk görnüşde ýazgardyk. Emma bu zorluga kimiň jogapkärdigini aýdyňlaşdyrmaly, munuň aňrysynda terrorçylar dur. Şu sebäpden biz Yragyň hökümeti bilen bu umumy howpa garşy göreşde ýakyn partnýorlyk edýäris. Biz olara söweşmäge ýardam berip bilýäris, emma biz şeýle-de olaryň muny özbaşdak amala aşyrmaga ukyply bolmagyny isleýäris. Sebäbi netijede bu Yrak üçin öňe tarap iň gowy ýoldyr”.

Döwlet departamentiniň reaksiýasy Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we ýaran toparlaryň Ramadi we Fallujah şäherlerini yslamçylaryň elinden gaýdyp alandygy barada anna günki habarlardan soň peýda boldy.

Welaýatdaky ýagdaý

AÝ/AR-nyň Yrak gullugynyň Ramadi şäherindäki habarçysynyň maglumatyna görä, polisiýa we sünni ýaranlar şäheriň ençeme böleklerinde polisiýanyň bölümlerini söweşijileriň elinden alypdyrlar.

Anbar welaýatyndan polisiýa ofiseri Majeed Hameed şeýle gürrüň berdi: "Ýerli toparlaryň gowy ýaraglanan uly güýçleri Allanyň kömegi bilen Ramadi şäheriniň Sofiýa we Habbaniýa aralygyndaky gündogar bölegini azat etdiler. Terrorçylar ýeňildi we bu ýerden çykaryldy”.

AÝ/AR-nyň Ramadi şäherindäki habarçysy howpsuzlyk güýçleriniň Fallujah şäheriniň golaýyndaky söweşlerde uly öňegidişlik gazanyp bilmändigini hem aýtdy. Bu ýerde Bagdada barýan uly ýol “Al-Kaýda” ýakyn gozgalaňçylaryň elinde galýar.

Gozgalaňçylaryň köpüsi Fallujah şäheriniň esasy köçesinde geçirilen juma namazyna gatnaşdy, köpüsi Al-Kaýdanyň gara baýdaklaryny göterdi.

Soňky çaknyşyklarda wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň sany barada takyk maglumat berilmedi, emma käbir maglumatlarda pida bolan onlarça adam barada habar berildi.

Resmi çäreler

Sünnileriň ýerli wekilleri polisiýanyň “Al-Kaýdanyň” söweşijilerine garşy alyp barýan göreşine özleriniň goşulmaga taýýardygyny aýdansoň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet öz goşunynyň Ramadi we Fajullah şäherlerinden şu hepdede çekilmegine tabşyryk berdi.

Ramadiniň Baş metjidinde geçirilen juma namazynda müfti Adnan Mişawy dinçileri polisiýa we onuň ýaranlaryna ýardam bermäge çagyrdy.

Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we “Al-Kaýda” ýakyn “Yrak yslam döwleti” hem “Lewant” atly toparlaryň arasyndaky söweşler duşenbe güni Ramadi şäherinde protestçileriň lageri döwlet goşunlary tarapyndan dargadylansoň başlanypdy.

Premýer-ministr Nuri Al-Maliki bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal döredilen bu lageri ýok etmegi wada beripdi we lageriň parahatçylykly protest bildirmek üçin döredilen ýerden “Al-Kaýdanyň” merkezine öwrülendigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG