Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: «al-kaýdaçylara» ultimatum berildi


Siriýaly pitneçiler, habarlara görä, «Al-Kaýda» bilen iltewli güýçli bir topara 24 sagat wagt berip, tabyn bolmagy talap etdi.

Bu ultimatum demirgazykdaky Idlib we Aleppo welaýatlarynda bolan ganly pitne söweşlerinden iki gün soň berildi.

Siriýanyň Mujahedin goşunyndan bolan oppozisiýasy täzelikde yslam toparlary bilen ýaranlyk gurdy we Yragyň «Al-Kaýda» bilen ilteşikli Yslam döwleti toparyna we Lewanta (ISIS) garşy uruş yglan etdi.

Idlibli oppozisiýa aktiwisti Ahmad al-Katib AFP-ä ISIS-e şenbe güni agşama çenli tabyn bolmak barada ultimatum berlendigini aýtdy. ISIS söweşijileri graždan urşy başlan badyna Siriýa çozdular.

Emma olaryň gazaply taktikalary, şol sanda il ortalaýyn jezalandyryp öldürmeleri we adam alyp gaçmalary, adam gynamalary, basdaş pitneçileriň janyna kast etmeleri ýerli pitneçleriň köpüsini olaryň garşysyna goýdy.

Siriýanyň esasy oppozisiýa topary, Milli koalisiýa şenbe güni öz tarapdarlaryny ISIS-e garşy söweşe ündedi.
XS
SM
MD
LG