Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda 13 işçi heläk boldy


Hindistanyň Goa ştatynda gurulýan bina çökende azyndan 13 işçi ölüp, ondan gowrak adam hem harabanyň aşagynda galdy.

Bu waka kenar ýakasyndaky Kanakona obasynda, welaýat paýtagty Panajiniň 60 km çemesi uzaklygynda boldy.

Ýerli polisiýa şenbe güni bolan hadysada ýaralanan 20 çemesi işçiniň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Ondan gowrak adamyň tapylmaýandygy aýdylýar. Häkimiýetler ölenleriň sanynyň köpelmeginden howatyr edýärler.

Ýaşaýyş binasynyň gurluşygy öýlänler, ol ýerde 50 çemesi işçiniň işleýän wagty çökdi.

Halas edijiler kranlary, buldozerleri ulanyp, el güýji bilen aşakda galan işçileri halas etmäge çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG