Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýork: Uçar ýolda gondy


Kiçiräk bir uçar, adatdan daşary ýagdaý sebäpli, Nýu-Ýork şäherindäki gatnawly ýolda gonmaly boldy.

Resmiler ýeke motorly uçaryň şenbe güni öýlän, ýol işgärleri köçäniň gatnawyny togtadanyndan soň, "Major Deýegan Expressway" köçesinde gonmaly bolandygyny aýtdylar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, uçardaky üç adamyň hemmesi, çynlakaý ýara almazdan, sag-aman uçardan düşüpdir.

Şeýle-de bu waka bilen bagly ýol hadysasynyň bolandygy habar berilmedi.

Ýerli metbugat sülçüleriň hadysanyň sebäbini, ýagny tehniki kemçilik ýa ýangyç ýetmezçiligi sebäpli bolandygyny derňeýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG