Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO konwoýyna hüjüm edildi


«Talyban» owgan paýtagtynyň dimlomatlar kwartalynda NATO-nyň harby konwoýyna hüjüm edilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Harby ýaranlyk şenbe güni agşam Kabulyň Eggers lageriniň girelgesinde öýde ýasalan partlaýjy enjamyň ýarylandygyny, emma ölüm-ýitimiň bolmandygyny aýtdy.

Adatça öz hüjümlerini ulaldyp görkezmäge ýykgyn edýän «Talyban» biraz soň elektron poçta arkaly iberen hatynda bu hüjümde ýitgileriň hem bolandygyny aýtdy.

Şenbe güni irden Nangarhar welaýatynda harby baza jeňçileriň eden hüjümi netijesinde bir NATO esgeri öldürildi.

Welaýat resmileri bir ulagyň harby bazanyň agzynda partladylyp, birnäçe jeňçiniň NATO bilen Owganystanyň bilelikdäki bazasyna kürsäp urandygyny aýtdylar.

Resmiler hüjüm eden bäş adamyň hemmesiniň öldürilendigini aýtdylar.

«Talybanyň» sözçüsi bu hüjüme öz toparlarynyň jogapkärdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG