Sepleriň elýeterliligi

Bangladeşliler ses berýär


Bangladeşli saýlawçylar ses berýärler, oppozisiýa geçen hepdelerde öldürilen 100-den gowrak adam üçin protest bildirýär.

Resmiler umumy saýlawlaryň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurduň dürli künçlerinde 100 çemesi saýlaw uçastogynyň otlanandygyny aýdýarlar.

Esasy oppozisiýa partiýasy bolan «Bangladeş Milli partiýasy» saýlawy boýkot etdi hem-de «galmagally gaplyk» diýip atlandyran saýlawlaryna garşy iki günlük iş taşlaýyşa başlady.

Premýer-ministr Şeýk Hasina oppozisiýanyň özünden, ozalky saýlawlardaky ýaly, gyra çekilip, saýlawlaryň geçişine bitarap adminstrasiýa hökmünde gözegçilik etmek barada eden talabany ret etdi.

Hasina Awaminiň ligasy, parlament orunlarynyň ýaryndan gowragyna eýelik etmek bilen, oppozisiýaynyň saýlawlary boýkot etmegi netijesinde, ýene häkimiýetde galar öýdülýär.

Bangladeşde saýlawlaryň geçýän wagtynda tertip-düzgüne gözegçilik üçin dürli ýerelerde 50 müň çemesi esger ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG