Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: ABŞ jeňçilere garşy söweşi goldaýar


Döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň yraklylara olaryň «Al-kaýda» garşy söweşlerinde kömek berjegini aýtdy.

Kerri ýekşenbe güni Ýerusalimde çykyp gürledi we Waşingtonyň Yraga gaýtadan goşun ibermegiň pikirini etmeýändigini aýtdy hem bu söweşi olaryň öz soweşi diýip atlandyrdy.

Kerri bu sözleri Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki Anbar welaýatyndaky ähli terror toparlaryny ýeňmegi wada berenden soň aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Yragyň howpsuzlyk güýçleri we sünni tire erkekleri Falluja we Ramedi şäherlerinde «Al-Kaýda» jeňçileri bilen söweşi dowam etdirýärler.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Yrak gullugy şäheriň 60 prosent çemesiniň «Al-Kaýda» bilen ilteşikli toparlaryň we hökümete garşy jeňçileriň kontrolundadygyny aýdýar.

Şu arada polisiýa we sünni erkekleri Ramadi töwereginde kontrollugy öz ellerine geçirdiler.

Bu söweşler duşenbe güni, goşunlar Ramadide sünni lagerindäki protestleri dargadanda örjäp galdy.
XS
SM
MD
LG