Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident "Ýaşlar komitetini" oňlamady


Prezident G.Berdimuhamedow parlament agzalary bilen duşuşyk mahalaynda söz sözleýär. Aşgabat, 20-nji ýanwar, 2011.
Prezident G.Berdimuhamedow parlament agzalary bilen duşuşyk mahalaynda söz sözleýär. Aşgabat, 20-nji ýanwar, 2011.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedoew türkmen parlamentiniň düzüminde ýaşlar syýasaty boýunça ýörite bölümiň döredilmegi barada edilen teklip bilen ylalaşmady.

Prezident G.Berdimuhamedow anna güni, Türkmenistanyň Minisirler kabinetiniň 2014-nji ýylda geçirilen ilkinji hökümet maslahatynda ilki bilen ýurduň parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa söz berdi.

Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa
Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa
Türkmen telewideniýesi Akja Nurberdiýewanyň «milli lideriň ýolbaşçylygynda üstünlikli geçirilýän durmuş maksatly syýasaty amala aşyrmak boýunça ýerlerde deputatlaryň alyp barýan işleri barada» gürrüň edendigini habar berýär.

Prezident mejlisiň başlygyny diňläp, 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň geçiriljegini aýtdy.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, bu maslahatda türkmen parlamentiniň täze düzümi dörediler, ýagny Mejlisiň ýolbaşçysy, komitetleriň başlyklary saýlanar.

«Mejlisiň täze düzümini döretmek bilen bagly mesele boýunça eýýäm köp sanly, ine, bize teklipler gelip gowuşdy» diýip, Berdimuhamedow hususan-da mejlisiň komitetleriniň sanyny artdyrmak, olaryň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipleriň gelendigini, şeýle-de komitetleriň atlaryny üýtgetmek boýunça teklipleriň bardygyny belledi.

Mundanam başga, prezident Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde ýaşlaryň işleri barada bir komitetiň döredilmeginiň teklip edilendigini aýtdy. Emma ol bu teklibe seretmegiň soňa goýlandygynyny aýtdy we munuň sebäbini Ministrler kabinetiniň düzüminde ýörite bölümiň, ýagny "Ýaşlar syýasaty" bölüminiň döredilendigi, şoňa görä-de parlamentiň düzüminde Ýaşlar syýasaty barada aýratyn komiteti döretmegiň maksada laýyklygy baradaky meselä geljekde serediljegi bilen düşündirdi.

«Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, şeýle hem oba ýerlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ine, şoňa görä-de, mejlisiň düzüminde ykdysady meseleler barada komiteti hem-de durmuş syýasaty baradaky aýratyn komiteti döretmek boýunça berlen teklipler bilen hem men ylalaşýaryn» diýip, G.Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de prezident «ýerli öz-özüňi dolandyryş baradaky aýratyn komiteti döretmek gerek» diýip pikir edýär. Sebäbi, prezident Berdimuhmedowyň ynanjyna görä, «häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet dolandyryşynyň etraplaryň derejesindäki we ondan aşakdaky edarasynyň işini düýpli hem kämilleşdirmek zerur bolup durýar».

Prezident Berdimuhamedow parlament komitetleriniň sanyny sekize çenli artdyrmak barada edilen teklip bilen hem ylalaşýandygyny, munuň parlamentiň täze düzümi tarapyndan taýýarlanjak täze kanunlara daýanyp, ýurtda özgertmeleri işjeň alyp barmaga ýardam etjegini nygtady.
XS
SM
MD
LG