Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Protestçiler saýlaw merkezlerini otlaýar


Bangladeş raýaty Buriganga derýasynda eşik ýuwýar. 4-nji ýanwar, 2014.

Bangladeş raýaty Buriganga derýasynda eşik ýuwýar. 4-nji ýanwar, 2014.

Bangladeşde tutaşan saýlaw zorlugy netijesinde müňlerçe protestçi ýurduň çar künjeginde ýerleşen saýlaw uçastoklaryna we ogurlanan saýlaw býulletenlerine ot berdi.

Polisiýa ýekşenbe güni oppozisiýa partiýalarynyň goldawçylary tarapyndan azyndan 13 adamyň öldürilendigini, 200-den gowrak saýlaw uçastogyna ot berlendigini ýa zyýan ýetirilendigini aýtdy. Oppozisiýa partiýalary, galplaşdyrylýandygyny aýdyp, bu saýlawlary boýkot edýär.

Bogra şäherinden bir protestçi bu hereketleriň saýlawlaryň togtadylmagyna getirmegini umyt edýändigini aýtdy:

"Biz demokratiýa dikeldilýänçä saýlaw geçirmäge ýol bermeris. Bu demokratik ýurt. Biziň demokratiýany goldaýanlarymyzyň hemmesi bu saýlawa garşy protest bildirýär."

Häkimiýetler 1800-den gowrak saýlaw merkeziniň azyndan 183-sinde ses berişligi togtatdylar. Aýdylmagyna görä, aktiwistler saýlawlaryň öňüni almak üçin onlarça saýlaw uçastogyna hüjüm edip, ses berilýän ýerlerdäki saýlaw gapyrjaklaryny alyp gidipdirler.

Şeýk Hasina oppozisiýanyň, ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, gyra çekilip, bitarap gözegçi adminstrasiýa hökmünde saýlawalara esewan etmek baradaky talabyny ret edenden soň, oppozisiýa partiýalary saýlawlary boýkot etdiler.

Bu boýkot Hasinanyň Awami ligasynyň parlamentdäki orunlaryň ýarysyndan hem gowragyna eýe bolup, hiç bir bäsdeşsiz diýen ýaly häkimiýetde galmagynyň mümkindigini aňladýar.

Bangladeşiň oppozisiýadaky Milli partiýasyndan Moin Han ýekşenbe güni bu saýlawy «galp» we «öli saýlaw» diýip atlandyrdy.

Saýlawçylaryň käbiri ýekşenbe güni bu saýlawa gatnaşjakdygyny, ýöne munuň ýurtdaky saýlawyň soňy bolmagyny umyt edýändigini aýtdy.

Özüni Şilpi diýip tanadan bir aýal paýtagt Dhakada «Roýterse» şeýle diýdi:

"Biz bu saýlawyň munuň soňy bolmagyny isleýäris. Bu saýlaw zorluk bilen utgaşdy we biz başga saýlaw islemeýäris."

Saýlawyň öňünden 150 çemesi adam öldürilenden soň, ses berişlik mahalynda tertip-düzgüni üpjün etmek üçin, ýurt boýunça on müňlerçe esger ýerleşdirildi. Emma esgerler gandöküşikligiň öňüni almagy başarmadylar.
XS
SM
MD
LG