Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 19 adam öldürildi


Yrak häkimiýetleri Bagdatda bolan partlamalaryň azyndan 19 adamy öldürip, ýene ondan gowrak adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Bagdatdaky iň ganly hüjüm demirgazykdaky Şaab mähellesinde, goýlup gidilen iki maşyn bir wagtda partladylanda boldy. Bu ýerde 10 adam ölüp, 26 adam ýaralandy. Bagdadyň gündogaryndaky Sadr şäherçesinde we merkezdäki Bab al-Muadham mähellesinde hem ganly hüjümler boldy.

Ýekşenbe güni amala aşyrlan hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG